Mähriban halkym! 

Eziz watandaşlar!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenilýän berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Mundan ýigrimi alty ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ösüşleriniň sarsmaz binýady tutuldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy.

Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Yaňy-ýakynda Aziýa sebitinde iň gözel, rahat we abadan şäherleriň biri bolan Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi halkymyzda şatlykly duýgulary, tolgundyryjy pursatlary, unudylmajak täsirleri galdyrdy, agzybirligimizi has-da pugtalandyrdy!

26.10.2017. Paýtagtymyzda, Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döwlet özbaşdaklygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna uly dabaralar geçirilýär. Iň gowy döredijilik işgärleri Maslahat köşgünde çykyş etdiler.

Baýramçylyk konserti ajaýyp zalda türkmenistanlylary hem-de bu şanly gün paýtagtymyza gelen ýurdumyzyň myhmanlaryny birleşdirdi. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary,Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulular, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelenler bar.

Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar türkmen sungatynyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşgünliligini beýan etdi. Bu gezekki konsert Garaşsyz Watanymyza, biziň döwrümiziň belent döredijilik ruhuna bagyşlanandygyny we şolaryň esasynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Baýramçylyk konserti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän “Mähriban ýürekli Gahryman ogul!” diýen watançylyk aýdymy bilen açyldy. “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşlary Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň dürli döwürlerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işi we oňyn başlangyçlary bilen baglanyşykly tutumlaryny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Konsertiň joşgunly başlangyjy eziz Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň nyşany bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary bilen dowam etdi. “Bagtyýar çagalyk” atly aýdym-sazly çykyşda her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de “Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” tans toparlarynyň çagalary öz zehinlerini açyp görkezdiler.

25.10.2017. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere, hem-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça bu edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylmagyna, harby düzümleriň täze enjamlar we ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, harby işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler baradaky hasabatlary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem milli senenamamyzdaky şanly sene mynasybetli geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Şeýle hem ähli ugurlarda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň muzemezligi, migrasiýanyň işi barada maglumatlar aýdyldy. Ýurdumyzda jemgyýetçilik-düzgün tertibini saklamak, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatlarda bellenip geçildi. Kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

25.10.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Oňa Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýurdumyzyň diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Mejlisiň gün tertibine geçmezden öň, milli Liderimiz Berkarar Watanymyzyň baş baýramynyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň ýetip gelýändigini belledi. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda doly hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.
Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Merdana halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Sebäbi, taryh üçin gysga döwrüň içinde merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz Türkmenistan asyrlara barabar ýol geçip, dünýäniň kuwwatly we durnukly ösýän, düýbünden özgeren döwletleriniň birine öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. Bitarap döwletimiziň halkara abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Umumadamzat bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna örän möhüm başlangyçlary öňe sürüp, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň we bagtyýar halkymyzyň geljeginiň mundan-da nurana boljakdygyna, ösüşleriň täze belentliklerine çykjakdygyna ynam bildirdi.

24.10.2017. Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn paýtagtymyzda iki gatly kottežleriň hem-de üç we dört gatly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy ulanmaga berildi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň dolulygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylandygy bellärliklidir. Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Özleriniň önümçilik we hünär kuwwatyny ýylsaýyn artdyrmak bilen, häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işläp, ähli babatda ýokary ussatlyk görkezýärler.

Täze ýaşaýyş toplumy Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşyp,Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň miwesi bolup durýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň özenini düzýär. Soňky ýyllarda dünýä ölçegleriniň derejesinde ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek baradaky maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy wezipesidir.

Ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!