05.07.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi.
2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça halk hojalyk toplumlarynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy.
Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,9 göterim ýerine ýetirildi.
Ýarym ýylyň dowamynda balans toparlarynyň mejlisleriniň 40-sy, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň mejlisleriniň 39-sy geçirildi.

03.07.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzda durnukly ösüşi, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk goraýjy düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

02.07.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz işiniň örän köpdügine garamazdan, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalaryny içgin öwrenmek meselelerine yzygiderli üns berýär.
Aşgabady uzakmöhletli ösdürmegiň strategiki garaýşyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan şeýle uly üns berilmegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir.
Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, täze möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny gözden geçirdi. Ýakyn wagtda şol desgalar türkmen paýtagtyny bezäp, işewür, syýasy, maliýe we maýa goýum işjeňliginiň merkezi hökmünde onuň derejesini has-da berkider.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça milli Liderimiz ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň şäheriň günorta böleginde bina edýän desgalaryny gözden geçirdi.

29.06.2019. Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk we ukrain dillerinde neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, häzirki döwürde Diýarymyzda bolýan daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň taryhy tejribä, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ruhy mirasa sarpa goýmak däplerine daýanýan häzirki zaman ösüş konsepsiýasyny beýan edýändigi nygtaldy. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji hem-de ikinji kitaplar ýurdumyzda we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, iňlis, rus we başga-da birnäçe dillere terjime edildi.

29.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 163-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başda-da, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgysystandan gelen işewürlere reňksiz list aýna, nah ýüplük, regenirlenen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 89 million 198 müň dollaryna barabar boldy.
Manat serişdesine Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Gonkongyň, Gazagystanyň işewür toparlary tarapyndan jemi bahasy 10 million 562 müň manada barabar bolan nah mata we ýüplük satyn alyndy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 10 million 732 müň manatlyk ýokary dykyzlykly polietileni, aglomerat polietilenini hem-de aglomerat polipropilenini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!