20.07.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy, russiýaly işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, ABŞ-dan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 264 million 280 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 4 million 531 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 458 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi.
Mejlise GDA gatnaşyjy-döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň, BMG-niň hem-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň düzüm birlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jemgyýetiň ähli ugurlarynda ilatyň durmuş ýagdaýyny we hilini ýokarlandyrmak, kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan ylmy hem-de döredijilik işleriňizde hemişe rowaçlyk arzuw edýärin.
Bu döwletara mejlisiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, esasy ösüş ugurlary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny aýdyňlaşdyrmakda, alymlaryň, hünärmenleriň özara tejribe alyşmagynda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

15.07.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz diňe bir iş wagtyny däl, eýsem, dynç alyş döwrüni hem hemişe mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Milli Liderimiz boş wagtyny, köplenç, ylym we döredijiligiň dürli görnüşleri bilen, şol sanda täze eserleri ýazmak bilen meşgullanmaga bagyşlaýar. Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz şu ýörelgesine eýerip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň nobatdaky jildini tamamlamagyň üstünde işlemegini dowam etdi.
Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary döwletleriň birnäçe ylmy-barlag merkezleriniň hormatly doktory, professory milli Liderimiziň şu hem-de beýleki ylmy işleriniň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň galamynyň astyndan çykan kitaplarynyň her biri diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma hem-de giň jemgyýetçilik seslenmesini döredýär.

13.07.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 148-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, göni usulda arassalanylan benzini, uçar, tehniki we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem Şweýsariýadan we Singapurdan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt we kükürtden arassalanylan dizel ýangyjy RF-niň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, Russiýa, BAE, Türkiýe Respublikasy, Şweýsariýa, Serbiýa, Estoniýa, Gonkong, Özbegistan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, mebel pamygy, buýan köküniň ergini we pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 81 million 873 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen işewürler bahasy 7 million 978 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 46 million 339 müň manatlykdan gowrak Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykly polietileni hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!