07.11.2018. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança gelip, onuň kitap sergiler merkeziniň ýerleşýän binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradow we B.Abdyýewa garşylady.
Mälim bolşy ýaly, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän kitap gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-paýhas ösüşiniň esasy guraly hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň medeniýeti ösdürmek meselelerine üns bermegi netijesinde häzirki zaman elektron enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanalar hereket edýär. Munuň özi adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň has-da artmagynda, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde ähmiýetlidir.
Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi birnäçe bölümden ybarat täze sergi bilen tanyşdyrdy. Onda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda neşir edilen we ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary ýurt okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kitaplary esasy orun eýeleýär.

06.11.2018. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Rifat Hisarjyklyogly öz ýurdunda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belledi. Şol üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ajaýyp miweleri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän dostlukly gatnaşyklaryň we taryhy-medeni ýakynlygyň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

05.11.2018. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak we güýzlük bugdaý ekişiniň jemleriniň jemlenendigi barada hasabat berdi, Ministrler Kabinetiniň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde bu möhüm çäräniň tamamlanylandygy habar berildi.

Oba hojalyk zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar. Şunlukda, Türkmenistan boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama şu güne çenli 95 göterim ýerine ýetirilip, Watanymyzyň “ak altyn” harmanyna 1 million tonnadan gowrak hasyl tabşyryldy.

05.11.2018. Diýarymyzyň pagtaçylary şanly sepgidi eýelediler — ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.

Ekerançylaryň bu üstünligi — oba hojalyk önümçiligine gatnaşyjylaryň ählisiniň umumy tagallasynyň jemidir hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreleriň miwesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, obasenagat toplumynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilmegi, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň sazlaşykly ornaşdyrylmagy — bular hem-de beýleki möhüm wezipeleriň ençemesi Türkmenistanyň häzirkizaman obasenagat syýasatynda täze many-mazmuna we anyk durmuşa geçirilişe eýe boldy.

Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde türkmen obalarynyň keşbiniň özgerdilmegi, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy, döwrebap obasenagat düzümleriniň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, hususy ulgamyň işjeň ösdürilmegi ýaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

03.11.2018. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, ýangyjy satyn aldylar. Russiýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri ýokary dykyzlykdaky polietileni, reňksiz aýnany, şeýle hem hojalyk pamygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 733 müň dollaryndan gowrak boldy.
serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 5 million 125 müň manatlykdan gowrak bolan ýüplük we nah mata satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!