Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň biraýlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Brýussel şäherinde kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi. Diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň wekilçilik etmeginde geçen bäsleşikde Merkezi Azia döwletleriniň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň diplomatlaryndan ybarat bitewi topar), Azerbaýjanyň, Belarusyň, Russiýa Federasiýasynyň, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň we Ýewropa Bileleşiginiň sport toparlary gatnaşdylar.
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle hem Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasy işler boýunça gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň başlygy çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
Sport ýaryşlarynyň başlamagynyň öň ýanynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi esasynda Watanymyzda yzygiderli geçirilýän, halkymyzyň saglygyny berkitmeklige hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki we ruhy-ahlak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen bedenterbiýe-sport çäreleri barada daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin maglumat berildi.

2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýanyň PETRONAS tehnniki uniwersitetinde (UTP) okaýan türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň talyplar bölüminiň wekilleri bilen bilelikde “2018-nji ýyl - Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy we Türkmenistanyň energetika syýasaty, hususan hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda alyp barýan parasatly işlerini wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly tegelek stol çäresi geçirildi.
Çäräni Türkmenistanyň Malaýziýadaky llçisi Ý.Mämmedow açyp, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygarynyň türkmen döwletini ösdürmegiň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň ruhy mirasyna we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan konsepsiýasyny şöhlelendirýändigini çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.
Tegelek stolyň dowamynda 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilendigi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutulandygy hem-de Serhetabat-Turgundy täze demir ýolynyň ulanmaga berilendigi barada aýratyn nygtalyp geçildi.

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady.
Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Döwlet seýsmologiki gullugynyň we beýleki degişli gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň açylyşynda çykyş edip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd, energetika torlarynyň tebigy we tehnogen betbagtçylyklaryndan goragy baradaky 2013-nji ýylda ÝHHG-niň Ministrler Geňeşiniň Çözgüdi barada aýtdy. Bu çözgüt ÝHHG-niň agza-ýurtlaryny «ÝHHG-ni mümkin boldygyndan ÝHHG-niň sebitinde howpsuzlygy we energetika torlarynyň fiziki goragyny berkitmek işinde maglumat çalşygyny öňdebaryjy tejribesiniň nusgalary bilen tanyşdyrmak üçin giň gepleşikler meýdany hökmünde ulanmaga çagyrýar».
“Şu günki çäre tebigy betbagytçylyklaryň howpuny azaltmak meselelerinde degişli milli edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam bermek maksatlary bilen 2016-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýän ÝHHG-nyň merkeziniň işiniň çäklerinde guralan” diýip, Ilçi Drozd belläp geçdi.
Halkara bilermenler tebigy betbagytçylyklardan energetiki infrastrukturany goramagyň dolandyryjy usullaryny açyp görkezdiler we şol sanda energetiki infrastrukturanyň desgalarynda ýer yranmalarynyň netijeleriniň öňüni almagyň we ýok etmegiň usullary bilen paýlaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylar tebigy betbagytçylyklaryň ýagdaýynda çalt hereket etmegi guramakda dolandyrmagyň we çözgütleri kabul etmegiň esaslary bilen tanyşdylar. Okuw sapagy şeýle hem tejribe sapaklaryny öz içine aldy we Türkmenistanda mümkin bolan tebigy betbagytçylyklaryň howplaryny peseltmek boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler bilen tamamlandy.

www.mfa.gov.tm

29.04.2018. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Myhman bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň Baştutanyna adamzat ösüşiniň altyn gaznasyna giren türkmen halkynyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny bütin dünýäde artdyrmak hem-de wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň ösýän depginini kanagatlanma bilen nygtady. Muny bolsa hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti tassyklaýar. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň netijeleridir.
BMG-niň ýokary wezipeli wekili Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadan ýurt bolan Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belläp, döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara gatnaşyklarda Türkmen döwletiniň tutýan işjeň ornuny nygtady. Munuň özi örän gymmatly tejribedir, ýeke-täk maksat bolan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşygyň bähbidine bilelikdäki hereketleriň köptaraply guraly hökmünde oňa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly isleg bildirilýändigi gürrüňsizdir.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu bolsa milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de Müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapar.

www.tdh.gov.tm

29.04.2018. Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän dabaralara daşary ýurtly žurnalistler hem gatnaşýarlar, olar Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary beýan etmek üçin geldiler. Dabaralaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew bilen gürrüňdeş boldy.
Russiýanyň teležurnalisti Türkmenistana ýygy-ýygydan gelýär, dürli wakalar mynasybetli Aşgabatdan taýýarlanýan reportažlary arkaly ony türkmen teletomaşaçylary tanaýar. Döwlet Baştutanymyz hem bu žurnalisti şu gezekki çärelere gatnaşýan köp sanly myhmanlaryň arasyndan tanap, «Men Sizi geçen ýyl Aziadada gördüm» diýip aýtdy we «Aşgabat 2017» oýunlaryny Fransewiň oňat beýan edendigini belledi.
Gürrüňdeşlik meýilleşdirilmedik interwýu boldy, şunda resmi däl ýagdaýdaky söhbetdeşlik ählihalk baýramçylygy bellenilýän mahalynda gürrüňdeşligiň gyzykly bolmagyna ýardam etdi, munuň özi örän möhüm we düýpli meseleleri gozgamaga päsgelçilik döretmedi.
— Men sizi iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça çärelerde — TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak, onuň ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistandan Owganystana çekilen demir ýoluň açylyş dabarasynda hem gördüm — diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň örän uly taslamadygyny, ýurdumyzyň bu taslama gatnaşmaga köp sanly hyzmatdaşlary, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlary çagyrandygyny belledi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!