02.05.2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Hut taryhyň özi hyzmatdaşlygy ösdürmekde biziň üstümize belent jogapkärçiligi ýükleýär, ol diňe bir biziň ýurtlarymyzyň halklaryna peýda getirmek bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlyga we abadançylyga ýardam eder diýip, köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, ýene-de bu gadymy ýoluň ýüregi Türkmenistan bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş eden türkmen Lideri belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýar.

2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Kiýew şäheriniň Milli ulag uniwersitetinde Türkmenistanyň Ukraindaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Halkara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Ukrainada akkreditirlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Ýokary Radanyň deputatlary, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, uly döwlet we hususy ulag edaralarynyň, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary we mugallymlary, ulag pudagynyň geljekgi hünärmenleri bolan türkmen we ukrain talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri, döwletleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmediň çygrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletiň infrastruktura syýasaty we ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Milli ulag uniwersitetiniň rektory professor N.Dmitriçenko bu ýere ýygnananlary giň gerimli maslahatyň başlanmagy bilen gutlap, gatnaşyjylar üçin onuň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi.

30.04.2018. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly ýaşulular duz-çörek hödür etdiler. Din işgärleri Watanymyzyň gülläp ösmegini we mähriban halkymyzyň abadançylygyny dileg edip, doga okadylar.

Ýaşulular türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan örän uly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler. Ýaşulular şeýle hem milli Liderimizi Türkmenbaşy şäherinde ägirt uly täze gurluşyk bolan Halkara deňiz portunyň öňde boljak açylyşy bilen gutlap, bu taryhy wakanyň Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki wagtda diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýäde iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi. Biz “Açyk gapylar” syýasatyny alyp baryp, türkmen milletine mahsus bolan hem-de ata-babalarymyzyň bize goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamagy wesýet eden parasatly ýörelgelerinden ugur alýarys.

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň biraýlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Brýussel şäherinde kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi. Diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň wekilçilik etmeginde geçen bäsleşikde Merkezi Azia döwletleriniň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň diplomatlaryndan ybarat bitewi topar), Azerbaýjanyň, Belarusyň, Russiýa Federasiýasynyň, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň we Ýewropa Bileleşiginiň sport toparlary gatnaşdylar.
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle hem Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasy işler boýunça gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň başlygy çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
Sport ýaryşlarynyň başlamagynyň öň ýanynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi esasynda Watanymyzda yzygiderli geçirilýän, halkymyzyň saglygyny berkitmeklige hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki we ruhy-ahlak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen bedenterbiýe-sport çäreleri barada daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin maglumat berildi.

2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýanyň PETRONAS tehnniki uniwersitetinde (UTP) okaýan türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň talyplar bölüminiň wekilleri bilen bilelikde “2018-nji ýyl - Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy we Türkmenistanyň energetika syýasaty, hususan hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda alyp barýan parasatly işlerini wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly tegelek stol çäresi geçirildi.
Çäräni Türkmenistanyň Malaýziýadaky llçisi Ý.Mämmedow açyp, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygarynyň türkmen döwletini ösdürmegiň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň ruhy mirasyna we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan konsepsiýasyny şöhlelendirýändigini çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.
Tegelek stolyň dowamynda 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilendigi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutulandygy hem-de Serhetabat-Turgundy täze demir ýolynyň ulanmaga berilendigi barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!