26.07.2018. Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
www.railway.gov.tm. internet-saýtynyň döredilmegi demir ýol ulaglaryndan peýdalanýanlar üçin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ýolagçy gatnawlarynyň onlaýn-tertipnamasy elýeterli boldy.
Maglumatlara girmek üçin aňrybaş ýeňillikleri döretmek maksady bilen “Demir ýol” ady bilen Android we iOS binýadynda ykjam telefonlar üçin ýörite gollanmalar işlenip taýýarlanyldy. Ol ýolagçylara gatnawlaryň ugry bilen tanyşmaga onlaýn-tertibinde mümkinçilik berýär.

25.07.2018. Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirmeginde möhüm tapgyr bolar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alar. Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ugry ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşinde,

ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşinde, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti, BMG-niň Ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça komissiýasy, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasy, BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesinde agza bolmagy bilen kesgitlener. Şu mejlisiň barşynda ýurdumyz Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işini dowam eder.

25.07.2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministr-ler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny ge-çirdi. Onda içeri we daşary syýasatyň ilkinji nobatdaky wezipeleri, «Türkme-nistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysa-dy taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli we pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy hem-de döwlet durmu-şyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer ýur-dumyzyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugruny durmuşa geçir-mek babatda DIM-niň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýur-dumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen halkara hyzmatdaşly-gy oňyn ösdürýändigini aýtdy hem-de daşarky gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn döwür üçin Daşary işler ministrliginiň işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki abraýly halkara forumlaryň belent münberinden beýan edilen dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurdu-myzyň netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işler möhüm wezipe hökmünde bellenildi.

HORMATLY DABARA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY HANYMLAR WE JENAPLAR!

Sizi Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goň-şuçylygyň, netijeli hyzmatdaşlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň miwesi hökmünde şu gün dabaraly açylýan 110 kilowoltlyk Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ula-nylmaga tabşyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

Türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyr-laryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Uzak taryhy döwrüň dowamynda ata-babalarymyz bize parahatçylykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ajaýyp däplerini miras goýupdyrlar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan şäheri) 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Amul – Hazar 2018» Halkara awtorallisiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu dabara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow, Astrahan oblastynyň Sport ministri M.Fidurow, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Astrahandaky wekili O.Kolomin, Gazagystanyň we Eýranyň Astrahandaky konsullyklarynyň işgärleri, «Ýüpek Ýoly – 2018» ralli-reýde gatnaşyjylar, Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!