10.01.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Bu maýa goýum taslamasy Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädimdir. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek şol maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işiniň depginini çaltlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam etmelidir. Umuman, bularyň ählisi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.

Irden hormatly Prezidentimiz awtoulagda täze senagat kärhanasyna geldi. Bu kärhanany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gysgaça maslahat geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň energetiki strategiýasynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň ýakyn geljegi üçin wajyp wezipeleri kesgitlenildi.

09.01.2019. Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar» köşgünde 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de geçirildi.
Türkmenistanda her ýyly atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Onuň şygarynda täze tapgyrda milli ösüşiň möhüm ugurlary yglan edilýär. Munuň özi her bir adamyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işlere dahylly bolmaga hem-de öz şahsy goşandyny goşmaga watançylyk ruhuny we ymtylyşyny artdyrmaga ýardam berýär.
2019-njy ýylyň şygarynyň many-mazmuny halkyň erk-islegi bolup, Watanymyzyň üstünliklerini we gazananlaryny giňden wagyz etmäge, olaryň ählisini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere we durmuş ösüşine depgin bermäge, şeýle hem parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge ýurdumyzyň goşandyny, milli Liderimiziň başlangyçlaryny ýaýmaga gönükdirilendir.

09.01.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ir bilen milli Liderimiz maslahatyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

08.01.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Aşgabadyň okgunly ösmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzda her ýyl täze binagärlik toplumlary, ýollar peýda bolýar. Olaryň ugrunda has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Şäher öz çägini giňeldýär we tutuş dünýä açylyp, özüniň gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýar.

Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

07.01.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler, ilkinji nobatda, ak ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri we tehnikalary möhüm oba hojalyk möwsümine — ekiş möwsümine taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda iş maslahatyny geçirmek üçin ir bilen “Oguzhan” köşkler toplumyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge, bugdaýa ösüş suwuny tutmaga, maýsalary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!