09.05.2018. Şu gün Türkmenistanda adamzadyň parahatçylyga, dostluga, ynsanperwerlige we halklaryň jebisligine bolan telwasyny aňladýan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygynyň şanyna, asylly däbe görä, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda uruşda wepat bolan gahrymanlaryň ýagty ýadygärlikleri hormatlanylýar. Weteranlara aýratyn mähirlilik bilen sarpa goýulýar. Bu şanly sene türkmen halkynyň belent watançylygynyň we edermenliginiň, onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgelerine, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde milli senenamada möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda: “Wagt nusgalyk söweş hem-de durmuş ýoluny geçen watandaşlarymyzyň hataryny barha azaltsa-da, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany hiç wagt unudylmaýar. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýar. Şoňa görä-de, azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, gije-gündiz zähmet çekip, beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys” diýlip bellenilýär.

09.05.2018. Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-nyň) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan iki günlük duşuşyk Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek meselesine bagyşlandy.

Paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän foruma ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň, Ösüş we hyzmatdaşlyk şweýsar agentliginiň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu duşuşyga gatnaşyjylar AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, soňky ýyllarda sebitiň ýurtlary tarapyndan Aral deňziniň sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen netijeli çäreleriň geçirilendigini aýratyn bellediler. Iri halkara guramalar, ozaly bilen bolsa, Birleşen Milletler Guramasy we onuň daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we giňeldilýär.

07.05.2018. Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy, ol Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girer. Ýokary okuw mekdebiniň binasynyň günorta tarapyndan Oguzhan köçesi bilen kesişýän ýere çenli on gektardan gowrak ýerde administratiw-okuw klasteri kemala getiriler.

“Ajaýyp gurluşyk” kompaniýasynyň amala aşyrýan taslamasynda “Ýimpaş” kompaniýasynyň edara jaýynyň sekiz gat binasynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar, onda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ozalky adybir supermarketiň jaýynda bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti ýerleşer. Onuň golaýyndaky meýdanda köpugurly sport toplumy, bäş gatly umumy ýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoulag duralgasy, welosiped we ylgaw ýodajyklary gurlar. Ministrligiň jaýynda işewürlik zolagyndan başga-da, maslahatlar zaly, muzeý, trenažorlar otagy göz öňünde tutulan.

Täze fakultetde ylmy tutumly maglumatlar tehnologiýalaryny giňden ulanyp, ýokary ussatlykly türgenleri we olimpiýaçylary taýýarlamagyň köpugurly ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar.

5-nji maýda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligininiň Özbegistan Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde gurnan medeni däpleriň we milli tagamlaryň XVI gözden geçirilişi boldy. Çäre halklaryň ruhy bütewiligine we halkara ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň milli diwarçasy daşkentlileri we şäheriň myhmanlaryny ýurdumyzyň taryhy hem-de medeni däpleri, amaly-haşam sungaty eserleri, şeýle hem nepis el halylary, şol sanda ýüpek haly önümleri, keteni matasy, dokma toplumlarynyň we TSTB-niň kärhanalarynyň önümleri, özboluşly sowgatlyklar we zergärleriň ajaýyp şaý-sepleri bilen tanyşdyrdy.

Bu ýere gelenler ajaýyp türkmen milli tagamlaryna mynasyp baha berdiler, olara milli naz-nygmatlar hödür edildi. Çäräniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň tanymal döredijilik toparlarynyň, sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy.

www.turkmenistan.gov.tm

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halkara guramalaryň çaginde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar pagta senagaty, gaz we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýanyň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikirleri alyşdylar. Taraplar nobatdaky syýasy geňeşmeleriniň çäginde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda duşuşuyklary gurnamagyň zerurlygyny bellediler.
Şeýle hem, taraplar ynsanperwer ulgamynda, ýagny bilim ugrunda gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny bildirdiler.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!