27.09.2019. Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär. Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy we milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar.
Garaşsyzlygyň mukaddes baýdagynyň astynda halkymyz özüniň geljegini gurýar, zähmet çekýär, mähriban topragymyzy gülläp ösýän künjege öwürýär. Bu ýerde ýagşy dessurlara, mirasa hormat goýulýar. Häzirki ýetilen sepgitlere buýsanylýar we täze ösüşlere ynamly gadam goýulýar. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Onuň halkara giňişligindäki abraýy ýokarlanýar we milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

27.09.2019. Şu gün ýurdumyzda Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde hemişelik galan kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň yglan edilen güni türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bolan bimöçber söýgini alamatlandyrýan milli baýram bolup durýar. Taryhyň dowamynda köp nesilleriň özygtyýarly ösüş hakyndaky mukaddes arzuwlary asyrlar aşyp geldi. Onda mähriban Watanymyzyň oňyn ýörelgelerine, onuň şöhratynyň we abraýynyň belende galmagyna bolan arzuwlaryna ygrarlylygymyz jemlenendir.
Garaşsyzlyk binasynyň tylla çaýylan belent başy gök diräp, ol säheriň güneşine özboluşly öwşün atýar. Binanyň öňündäki meýdançada aşgabatlylaryň müňlerçesi we köp sanly paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Güýz şemalyna erkin pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, owadan gül çemenleri we adamlaryň şatlygy baýramçylygyň belent ruhuny görkezýär.

MÄHRIBAN HALKYM!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sentýabra aýratyn sarpa goýup, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Garaşsyzlyk gününi Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler, dabaraly çäreler bilen ýokary ruhubelentlik derejesinde garşy alýarys.

EZIZ HALKYM!

Ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar etmek bilen, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzyň aýratyn jogapkärli ilkinji ýyllarynda ýurdumyz özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrdy.

26.09.2019. Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.
Garaşsyzlyk güni — biziň baş baýramymyz özygtyýarly Türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär.
Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tutuş dünýäde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar. Milli Liderimiziň Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu gün Mukamlar köşgünde dörän ruhubelentlik hem-de baýramçylyk ruhy beýik baýramy täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan bagtyýar türkmenistanlylaryň başdan geçirýän buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Düýn paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

25.09.2019. Halk Maslahatynyň barşynda milli parlamentiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Mejlisiň Kararyny yglan edýär.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda däbe öwrülen türkmen donuny we ak telpegi geýýär. Milli Liderimize şeýle hem degişli nyşan gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň, gadymdan gelýän milli däp dessurlary we adatlary gorap saklamagyň we ösdürmegiň, halkymyzyň bitewiligini we jebisligini pugtalandyrmagyň, görelde bolmagyň oňat mysalynda görkezmek arkaly ýaş nesli terbiýelemegiň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagynyň özüne uly jogapkärçiligi ýükleýändigini nygtap, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň parahatçylykly bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde mundan beýläk-de güýç-gaýratyny aýamajakdygyny beýan etdi.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!