16.02.2018. 23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy aýdyň beýan ediler. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, baýramçylyk dessurlaryny, milli tagamy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, el işlerini, milli sport çärelerini we ýazky meýdan işlerini beýan ederler. Sergi toplumlarynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkeziler. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde medeni çärelere möhüm ornuň degişlidigine ünçi çekip, ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

www.tdh.gov.tm

2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Leonidas S. Markidis bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we ony işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk derejesini we sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ymtylyşyny belläp, taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň zerurlygy barada bellenildi. Syýasy-diplomatik çygrynda gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge zerurlygy barada aýdyp, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň wajypdygyny bellediler. Halkara gatnaşyklarynyň meselelerine geçmek bilen, taraplar halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer özara gatnaşyklary, şeýle hem energetika, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler.

www.mfa.gov.tm/tk

16.02.2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise käbir welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewe söz berdi. Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpşahaly ulgamyny döretmegiň, olaryň halkara ugurlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge, giň möçberli halkara energetika taslamalarynyň, şol sanda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijiniň şeýle taslamalaryň biri bolup durýandygyny belläp, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

16.02.2018. Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, şeýle hem möhlet tertibine laýyklykda her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary hem-de desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy barada her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bermek tabşyryldy.

www.tdh.gov.tm

15.02.2018. Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga tarap ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglylykda 2017-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň esasy senagat pudaklary öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldular.

Olar himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, materiallary ýaly ulgamy düzýän ugurlar bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaýtadan işleýän pudaklary innowasion esasda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy, olary ösüşiň çig mal däl ugruna geçirilmegini göz öňünde tutýan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda köp dürli we bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmak wezipeleri çözülýär.

Gaz we nebithimiýa ulgamlary okgunly ösýär, olaryň ägirt uly kuwwaty uglewodorodlary düýpli işlemegiň mümkinçilikleriniň esasyny düzýär. Ýurdumyzy üçin düýbünden täze dag-magdan senagatyny döretmekde möhüm ädim ädildi—sebitde iri kaliý duzlarynyň ýatagy özleşdirilip başlandy. Netijede ýurdumyzyň himiýa senagaty daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirýän mineral dökünlerini öndürmek boýunça dünýäde öňdäki orunlara çykýar.

Geçen ýyl milli elektron senagatyny, abzal gurluşyk pudagyny döretmek maksadynda çäreler görüldi. Balykçylyk pudagy öz ornuny berkitdi, şol sanda balygy emeli usulda öndürmek babatda pugtalandyrdy.

Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna esaslanýan köp pudaklaýyn ösen senagat, ylmy işleri talap edýän önümçilik ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň kesgitleýji ugry bolup durýar diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Geçen ýyl hem milli Liderimiziň byşyny başlan senagat syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm döwür boldy.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!