12-nji sentýabrda ir bilen «Amul — Hazar 2018» awtorallisine gatnaşyjylar öz ulaglarynda Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş çäginiň serhediniň golaýynda ýerleşýän «Mary» düşelgesinden çykyp, ýaryşyň ikinji tapgyrynyň badalga aljak ýerine tarap ugradylar.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly boýunça bu ulag marafonyny geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Türkmen Lideriniň pikirine görä, ady rowaýata öwrülen bu ýoluň täze görnüşde dikeldilmegi tutuş Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine hyzmat edýär. Ýurdumyzy gündogardan günbatara çenli bu taryhy ýol boýunça ägirt uly Garagum sährasynyň içinde kesip geçýän häzirki zaman ýaryş ulaglarynyň kerweni bolsa sebitiň logistikasynda öz ornuny pugtalandyrýan Türkmenistanyň çäginde multimodal ulgamyň kemala gelmeginiň özboluşly nyşanydyr.

Şol gün agşamara «Amul — Hazar 2018» awtorallisine gatnaşyjylar Ahal welaýatynda ýerleşýän ikinji «Garagum ýalkymy» düşelgesine ýetdiler. Şu gün irden ýaryş ýolunyň uzynlygy 228 kilometrden ybarat nobatdaky bölegini geçmek üçin ulaglaryň 75-sinden 55-si badalga aldylar.
Sürüjileriň belleýişleri ýaly, ýoluň birinji tapgyry ýeňil bolmady. Ikinji ýoluň çylşyrymlylygy hem ondan birneme ýeňilräk boldy — ýaryşa gatnaşyjylar Garagumuň çägeliklerine öwrenişdiler we «Garagum ýalkymy» düşelgesine ynamly ýetdiler.

HORMATLY PROFESSOR-MUGALLYMLAR WE DIŇLEÝJILER!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň milli ýörelgelerinden ugur alýan Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynyň ýokary depginli ösüşi öz gözbaşyny jemgyýetimiziň agzybirliginden, jebisliginden we halkymyzyň döredijilikli zähmetinden alyp gaýdýar.

Garaşsyz döwletimiziň hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmegiň kämil hem-de döwrebap esaslary berk kepillendirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykmagyna gönükdirilen milli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde biz döwlet dolandyrylyşyny üpjün etmäge, ýokary hünär derejeli, gulluk we şahsy jogapkärçilik duýgusy ösen gullukçylary taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berýäris.

11.09.2018. Şu gün Lebap welaýatynda «Amul — Hazar 2018» awtorallisi badalga aldy.

Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçýän bu deňsiz-taýsyz awtomobil ýaryşyny geçirmek başlangyjy oňyn özgertmeleriň döwlet strategiýasyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň çekmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Amul — Hazar 2018» rallisiniň geçirilmeginiň özi hem Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu ýaryşa dünýäniň ähli künjeklerinden ussat türgenler gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Hut döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ägirt uly taslama ýaryşy geçirmek baradaky pikir öňe sürleninden bary-ýogy ýarym ýyl geçenden soň, doly möçberde durmuşa geçirildi. Ine-de, sabyrsyzlyk bilen garaşylan gün gelip ýetdi. Amyderýanyň kenaryndaky şähere dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan: Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Çehiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Saud Arabystanyndan we beýleki döwletlerden ýaryşa gatnaşyjylar geldiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — abraýly täzelikler neşirleriniň onlarçasynyň, halkara teleýaýlymlaryň, sport portallarynyň we beýlekileriň žurnalistleriniň wekilçilik edýän ýurtlarynyň sany şondan hem köpdür. Şu günden başlap, daşary ýurtly tomaşaçylar gepleşikler arkaly ýaryşlaryň barşyna syn edip bilerler.

10.09.2018. Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ba-dalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.

Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen guralýan bu awtoralli gadymyýetde Ýewraziýa yklymy-nyň halklaryny, döwletlerini we sebitlerini birleşdirip, biziň ýurdumyzyň çäginden uzalan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça geçýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny diňe bir täze taryhy ýörelgeler bilen di-keltmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň möhüm ulag ýoly bolmak bilen iri halkara logistik merkezine öwrülýär. Bu ugur biziň ýurdumyzyň amatly çäk ýagdaýynda ýerleşmegi hem-de möhüm başlangyçlary öňe sürýän, olaryň ilerlemegi üçin anyk çäreleri durmuşa geçir-ýän döwlet Baştutanymyzyň ulag syýasatynyň netijesinde yzygiderli durmuşa ornaşdyryl-ýar.

Munuň üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulag düzümleri döredilýär, awtobanlar çekil-ýär. Halkara polat ýollary, demir ýol we awtoýol köprüleri, täze howa menzilleri gurulýar. Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygar bilen geçýän 2018-nji ýylyň özünde ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamynda iri desgalaryň ikisi — Türk-menbaşy şäherinde Halkara deňiz porty we Türkmenabatda halkara howa menzili guruldy.

10.09.2018. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary bilen geçýän ýylyň şanly wakalarynyň biri «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga berilmeginiň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş ýadygärlik teňňeleri goýberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugry hem-de Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde häzirki döwürde ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag çatrygy hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly halkara çäresi milli Liderimiziň başlangyjy bilen gural-ýar hem-de ýurdumyzy dünýä jemgyýetçiligine durnukly ösýän hem-de abadan döwlet hök-münde görkezmäge, köp sanly daşary ýurtly myhmanlary türkmen halkynyň baý taryhy, Watanymyzyň täsin tebigaty hem-de amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady öz-gertmeler bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.

Ýadygärlik teňňeler Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medalliс Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Olar ýurdumyzyň we daşary ýurtly ýadygärlik teň-ňelerini ýygnaýjylar, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar we myhmanlar üçin ajaýyp sowgat hem-de gymmatly ýadygärlik bolar.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!