06.03.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça metbugatyň öňünde eden çykyşynda bu günki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly ýokary hilli itergi bermäge, köpýyllyk, strategik geljek üçin gatnaşyklaryň täze döredijilik esaslarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu Şawkat Miromonowiç Mirziýeýewiň özbek döwletiniň baştutany hökmünde Türkmenistana ilkinji resmi sapary boldy. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy kesgitleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara ymtylmalary we taýýarlygy hem-de munuň üçin taraplaryň ikisiniň hem anyk mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklandygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmek ugrunda özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär. Paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler däp bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.
Özbegistanyň täze Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny hut Türkmenistana amala aşyrýandygy, özi-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanan pursadyndan soň, ilkinji belent mertebeli myhman hökmünde gelmegi netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn giňeltmäge iki ýurduň özara gyzyklanýandygynyň iň oňat subutnamasydyr. Döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklary bolsa hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, açyklyk, özara hormat goýmak hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň örän wajypdygyna düşünişilmegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Iki goňşy döwletiň Liderleri soňky wagtda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ähli amatly şertleriň bardygyny ençeme gezek bellediler.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-özbek topary bilelikdäki meýilnamalaryň üstünlikli öňe ilerlemegine täsir edýär. Şol toparyň on üçünji mejlisi şy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2013-2017-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda şertnamany yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde iki döwletiň hojalygy dolandyryş edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklara hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň yzygiderli geçirilýän sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyna ýardam berýär.

05.03.2017. Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, garaköli goýnunyň ýüňi ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 765 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Niderlandlaryň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 90 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 3 million 567 müň manatdan gowrak polipropileni, “Türkmenaglomeradyň” kondisiýasyz polipropilenini, polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 18-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi tabşyrdy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2017-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 3 millionyny, şol sanda miweli baglary ekmek göz öňünde tutulýar.

www.tdh.gov.tm

03.03.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, 2017-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda görülýän çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6 göterim, gurluşykda 4,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,4 göterim, söwdada 11 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterim ýokarlandy.
Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça hasabat maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,2 göterim artdy.
Iki aýyň jemleri boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 17,1 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,6 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň girdeji böleginiň 2,8 milliard manada we çykdajy böleginiň 2,7 milliard manada deň bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!