17.03.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz baýramy giňden bellenip geçiler. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu halkara baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martdaky dynç gününi 20-nji martdaky duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekip, Milli bahar baýramynyň üç günüň dowamynda giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň 2023-nji ýyla çenli döwür üçin baş ýörelgesiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylýandygy habar berildi.
Bu resminama ýurdumyzyň baý mineral serişdelerini toplumlaýyn we rejeli ulanmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramak, daşary ýurt maýalaryny çekmek maksady bilen işlenip taýýralanylar. Onuň taslamasynda ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

16.03.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri geçirilip, uly üstünlige eýe boldy. Dostlukly döwletleriň Liderleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäni hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun bermäge çalyşýandygyny tassyklady.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Baştutanlary ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen anyk ädimleri kesgitlediler.

Strategik ugurlarda, ozaly bilen söwda-ykdysady ulgamda tagallalary netijeli birleşdirmegiň mümkinçilikleri duşuşygyň esasy meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, taraplaryň özara gatnaşyklarynyň anyk netijeleri getirip biljek ugurlary köpdür. Iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin önümçilikde uly mümkinçilikler açylýar. Olar ykdysadyýetiň energetika, gaýtadan işleýän, himiýa we dokma senagatlary ýaly ýokary tehnologiýaly pudaklarydyr.

Ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Biziň ýurtlarymyzy energiýa serişdeleriniň, hususan-da, tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolup durýar. Munuň özi degişli ugurda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin şertleri döredýär.

15.03.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet sapary bilen ugrady. Milli Liderimizi Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan Katar bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dostlukly arap ýurduna ilkinji sapary 2010-njy ýylyň 11-12-nji oktýabrynda boldy. 2016-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Baştutanynyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygy hyzmatdaşlyk etmekde toplanan oňyn tejribäni, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, syýasy, ynsanperwer, ykdysady we serişdeler mümkinçilikleri nazara almak bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa işewür we netijeli häsiýet çaýmaga bolan islegiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Häzir Türkmenistan hem, Katar hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly serişdelere eýedir.

15.03.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi.

Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Doha şäheriniň howa menziline hormat garawulynyň nyzama düzülen uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha”. kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugraýar.

Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýere geçýärler. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary başlanýar.

Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda bolan mejlisinde milli Liderimiz ýokary derejedäki türkmen-katar gatnaşyklarynyň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň mundan beýläk-de uly kuwwata eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň oktýabrynda Katar Döwletine bolan birinji resmi sapary hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň bir ýyl mundan ozal – 2016-njy ýylyň martynda Türkmenistana bolan birinji resmi sapary deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm tapgyrlary boldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!