Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Nowruz dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri hökmünde umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň köp halklary bilen birlikde türkmen halky ylhamyň we joşgunyň, ýagşy umytlaryň hem-de hoşniýetli arzuwlaryň gözbaşy bolan bu nurana bahar baýramyna uly sarpa goýýar.
Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda geçirilýän aýdym-sazly dabaralar Milli bahar baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Köpasyrlyk taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, durmuş kadalarymyza we ýörelgelerimize esaslanýan hem-de gadymy bahar baýramynyň gözelligini we ajaýyplygyny açyp görkezýän milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň jebisligini we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmaga, nesillerimizi watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

19.03.2017. Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze pudagyň – bu ulgamda ylmyň we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen dag-magdan senagatynyň döredilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzy ösen senagatly döwlete öwürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.
Bu dag-magdan gaýtadan işleýji senagat merkezi Köýtendag etrabynda Amyderýanyň sag kenarynda, Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda döredilýär. Ýatagy işläp düzmek, onuň çäklerinde kaliý duzlaryny almak we baýlaşdyrmak boýunça desga ýurdumyzyň önümiň bu görnüşini daşary ýurtlara ibermek boýunça ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan himiýa senagatynyň ösüşinde täze sahypany açar.
Bu möhüm strategiki taslama Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklary esasynda, özara bähbitli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde güýçli depginde ösýän köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň miwesidir. 2016-njy ýylyň maýynda bu dostlukly ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran sapary munuň güwänamasydyr. Üstünlikli geçirilen gepleşikleriň netijesinde döwletara gatnaşyklar baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Bu bolsa taraplaryň gazanan ylalaşyklarynda we gol çeken möhüm resminamalarynda öz beýanyny tapdy.
Belarus hyzmatdaşlarymyz dürli derejelerdäki türkmen-belarus duşuşyklarynyň barşynda Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy babatda gürrüň açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolan bu möhüm senagat desgasynda işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça öz borçnamalaryna ygrarlydyklaryny bellediler.

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler.

Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, milli oýunlary, baýramçylyk dessurlary dabara aýratyn öwüşgin çaýar. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň, muzeýleriň, neşir önümleriniň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guralar. Onda Watanymyzyň azyk senagatynda we obasenagat toplumynda ýeten sepgitleri görkeziler.

Baýramçylyk maksatnamasyna belli tans we folklor toparlarynyň, tanymal artistleriň hem-de bagşylaryň çykyşlary giriziler. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanşyp bilerler. Şöhratly ahalteke bedewleri, baýramçylygyň özboluşly bezegi bolar. “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guralar.

www.tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi. Täze hünär baýramy her ýylyň 7-nji martynda – Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilen güni belleniler.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda” 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

www.tdh.gov.tm

18.03.2017. Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.
Irden köpsanly ýowara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde Köpetdagyň etegine ýygnandylar. Ak mermerli paýtagtymyzyň dag etekleri şu bahar günleri gök begrese bürenip, ýakyn günlerde gülzarlyga öwrüler. Dag etegindäki boý alýan tokaýlyklar bolsa hoşboý ysly baga öwrüler. Bu ýerde, türkmen tebigatynyň gözel künjeginde günüň ilkinji şöhleleriniň görünmegi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanyp başlandy.
Baýramçylyk üçin taýýarlanan çadyr şu günki waka aýratyn öwüşgin çaýdy. Açyk oduň üstünde oturdylan gazanlardan we tamdyrlardan çykýan hoşboý yslar baharyň hoştap howasy bilen garyşýardy. Şu gün tutuş türkmen topragynda uly dabara –halkymyzyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlaryna üýtgewsiz wepalylygynyň aýdyň nyşany bolan dabara ýaýbaňlandy diýsek öte geçdigimiz bolmaz.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk ýowarynyň geçirilýän ýerine gelip saklanýar. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar mähirli garşylaýarlar. Olaryň arasynda Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bar. Mertebeli myhman türkmen Liderini ilkinji bolup mübärekledi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!