29.04.2017ý. Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de behişdi bedewleriň gözelligini çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän bu bäsleşikler türkmen halkynyň atçylyk däplerini ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat medeni baýlygy, özboluşly siwilizasiýa hadysasy hökmünde ahalteke bedewlerine ünsüni çekmäge gönükdirilendir.
Şu gün irden Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.
Aşgabadyň günorta tarapynda ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy şu bahar günleri Köpetdagyň ýaşyl begrese bürenen eteginde gözel görnüşe eýe boldy. Bu atçylyk merkezinde behişdi bedewleri köpeltmek, ösdürmek we tälim bermek üçin ajaýyp şertler döredildi. Türkmen halkynyň baýlygy we milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň täze taryhy döwrüniň nyşany bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumyna gelip saklanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýygnananlar şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

28.04.2017. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerine hem-de käbir resminamalarynyň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde hususy kärhanalaryň we telekeçilik işlerini alyp barýan aýry-aýry şahsy taraplaryň işlerine degerli gözegçilik etmek boýunça geçirilýän barlagyň netijeleri barada habar bertldi. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine degişli goşmaçalary girizmek, şeýle hem döwlete degişli däl ulgamda edara görnüşli we şahsy taraplaryň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesini işläp taýýarlamak we tassyklamak hakynda teklipler beýan edildi.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de iri maýa goýum taslamalaryň ilerledilişi barada, şeýle hem ýurdumyzyň ilatyny, kärhanalaryny we guramalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge degişli kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik we durmuş ulgamlaryna tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary hem-de tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almagyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak babatda anyk tabyşryklary berdi.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde öň hereket eden deňiz portunyň ornunda döwrebap desgany gurmak işi bu ýerde kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamide barabar bolan täze himiýa zawodyny gurmak boýunça giň möçberli taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutuldy. Kärhananyň işe girizmegi bilen, onuň öndürýän önümlerini deňiz ýoly arkaly daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.

27.04.2017. Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy.

Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň VII mejlisiniň barşynda geçi rildi.

Halkara atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu sylagy tütuş türkmen halkynyň we atşynaslarynyň hyzmatyna minnetdarlyk hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Saýt: tdh.gov.tm

26.04.2017. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybteli çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta çäklerindäki dag jülgesinden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugrunda däp bolan uzak aralyga atly –marafon ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlary“Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar.
Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, ýaryşyň baş emini, Kanadadan atşynas, biziň ýurdumyzyň dosty Tito Nils Pontekorwo marafona gatnaşýan 28 bedewe atlanan türgen – çapyksuwarlary meýdança çagyrdy we ýaryşlara badalga berdi.
Marafon çapyşygynyň umumy uzynlygy 60 kilometr bolup, ol hersiniň uzynlygy 30 kilometr bolan iki tapgyrda geçirildi. Bu gezekki ýaryşlara Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Balkan, Mary, Daşoguz atçylyk sport toplumlarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Serhet gullugynyň we hususy hojalyklara degişli bedewler gatnaşdylar.
Bedewler howa şertleriniň oňaýly däldigine—güýçli ýagýan ýagyşa garamazdan marafonyň ilkinji tapgyryny üstünlikli geçmegi başardylar.

24.04.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we sebitlerde halkymyzyň abadan durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek we şanly seneleri, ilkinji nobatda bolsa aprel aýynyň ahyrynda bellenilýan Türkmen bedewiniň baýramyny dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň baş şäherini döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyrmak we ilatyň ýaşaýyş- durmuş derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyn barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp derejede garşylamak, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!