29.05.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýe Respublikasyndan we Gazagystan Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, nebit koksuny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, jinsi önümleri, azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, ýüplük we nah mata önümleri, dikeldilen süýüm, pagta süýümi, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi. Bu önümleri Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 249 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 519 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

26.05.2017. Onda döwlet durmuşyna degişi möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky teklipleri seljermek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Toparyň baş maksady milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakdan, olaryň gurluş düzümlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank-maliýe we ykdysady toplumynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen işleriň oňyn netije bermegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hödürlenen Kararyň taslamasyny makullap, degişli resminama gol çekdi we bu ugurda bar bolan meseleleri içgin seljermegi wise-premýerden talap etdi.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapyndan wekil hökmünde iberilýändigini aýdyp, wise-premýeri Kazan şäherine sapara iberdi.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu gün Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda özbaşdak durmuşa gadam basýan 85 müňden gowrak uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Bu ýyl özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini aňladýan uly wakalara beslendi. Ynha, eýýäm birnäçe aýdan Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary kabul eder. Bu Oýunlar ýurdumyzyň sport döwleti derejesini berkitmegi ugur edinýär. Elbetde, şu günki baýramçylyk bolsa dostlugyň, sagdynlygyň, ylham joşgunynyň senasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — ýaşlaryň zehininiň we intellektual mümkinçilikleriniň ösýän döwri bolup, olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň daýanjyna öwrülip, onuň şan-şöhratyny artdyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlag hatynda Türkmenistany mäkäm syýasy, ykdysady we medeni binýatly döwlete öwürmek boýunça öňde goýlan wezipäni çözmekde ylym we bilim kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.

“Siz ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmelisiňiz, halkymyzyň sylag-hormatyna mynasyp bolmalysyňyz, döwletimiziň özüňiz hakda edýän atalyk aladalaryna gowy okamak, halal zähmet çekmek, gurmak, döretmek bilen jogap bermelisiňiz”. Milli Liderimiziň bu sözlerine mynasyp bolmak bu gün uly adamlaryň durmuşyna gadam basýan mekdep uçurymlary üçin ajaýyp arzuw bolup durýar.

Lebap welaýaty, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň gündogar sebitinde Halaç we Hojambaz etraplaryny birleşdiren ponton köpriniň açylyş dabarasy boldy. Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu waka mynasybetli guralan dabaralara zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Säher bilen Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşýän Halaç etrabynyň “Pelwert” daýhan birleşiginde we Hojambaz etrabynyň “Mekan” daýhan birleşiginde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýerde täze ulag geçelgesi guruldy.

Köpriniň golaýyndaky ýoluň ugrunda elleri baýdakly ýerli ýaşaýjylar hatara düzüldiler. Olar bu möhüm waka mynasybetli bu ýere gelýänleri uly şowhun bilen mübärekleýärler.

Köpriniň töweregindäki ekerançylyk meýdanlarynda kärendeçiler geljekki hasyl baradaky alada berlip, öz işlerine gümra bolýarlar. Derýanyň iki tarapynda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler oturdyldy, konsert meýdançalary guraldy. Olarda welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň, estrada artistleriniň, bagşylaryň, folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türgenleriň görkezme çykyşlary boldy. Derýanyň çep kenarynda “Ýoluňyz ak bolsun!” diýen ýazgyly bina oturdylypdyr. Bu ýerde karateçiler we tanap çekýän ýaşlar, ýaglyga towusmak ýaly milli oýna höwesekler bäsleşikleri guraýarlar.

Sag kenarda bolsa ýerli ussatlaryň elinden çykan haly we haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Pälwanlaryň göreşi gyzyşdy. Iki tarapda guralýan dabaralaryň ortasyndan Amyderýanyň hanasy dolup akýar. Munuň özi derýanyň gözbaşyndaky belent daglarda garlaryň ereýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Lebap welaýatynyň häkimi ýygnananlary täze köpriniň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Bu köpri diňe bir iki kenary, iki etraby birikdirmek bilen çäklenmän, olaryň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

21.05.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çägindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda bolup, döwlet Baştutanymyz özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin, ilkinjileriň hatarynda ses bermek çäresine gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsümi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmak ýagdaýyny yzygiderli ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolup durýar.
Saýlawlaryň giň bäsdeşligi we aýdyňlygy oňa halk ynamyna mynasyp bolan birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýär. Saýlaw işleriniň açyklygy we aýdyňlygy oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler ak ýürekli, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş we raýatlyk işjeňligi bolan, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary ýerine ýetirmek ugrunda ähli tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün edýär.
Şu gün ýurdumyzda geçirilen saýlawlar Watanymyzyň demokratik özgertmeleriň we halk häkimiýetliliginiň dabaralanmasynyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!