31.05.2017. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň we komitetleriniň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň gün tertibine ýaş türkmenistanlylaryň abadançylygyna, hemmetaraplaýyn ösüşine we terbiýelenilmegine gönükdirilen ýurdumyzyň syýasy ugruny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açmak bilen, çagalar hakynda aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda bu meselä geljekde hem aýratyn üns berler. Biz ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, mynasyp derejede terbiýelenilmegi hem-de ýokary hilli bilim almagy üçin toplumlaýyn çäreleri geçirýäris. Ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, beden taýdan berk we ruhy dünýäsi baý adamlar bolup ýetişmegi, başarnyklaryny hem-de zehinlerini doly derejede açyp bilmegi, döredijilik we sungat, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri dörederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak boýunça parlament tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berip, çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň milli kanunçylygyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny hem-de täze kanunlarda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çagalaryň hukuklarynyň goralmagyna, kämil derejede ösmegine degişli kanunçylyk namalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň ähmiýetini belläp, deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Halk wekilleri ilatyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, adamlaryň derwaýys meselelerini hem-de zerurlyklaryny öwrenmelidirler. Milli Liderimiz halkyň saýlan wekilleriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygarymyzda beýan edilen durmuş ugurly syýasatymyzyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmalydygyny belledi.

31.05.2017. Paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumy öz işini tamamlady. Onuň gün tertibine dünýä energetikasynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi.
Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyk Aşgabatda daşary ýurt wekiliýetleriniň onlarçasyny, şol sanda Awstriýanyň, Albaniýanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusuň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Ýemeniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Keniýanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Pakistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Slowakiýanyň, Senegalyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Ugandanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetlerini ýygnady.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň wekilleri, şeýle hem ministrlikleriň we edaralaryň, iri energetika kompaniýalarynyň esasy hünärmenleri, görnükli syýasatçylar, diplomatlar, alymlar, halkara bilermenleri bar.
Ozal habar berlişi ýaly, forumyň işiniň barşynda “Tebigy gazyň bazarlary: serhetara ulag daşamalary we üstaşyr geçelgeler”, “Bütindünýä energetika howpsuzlygynda suwuklandyrylan tebigy gazyň ornunyň artmagy” hem-de “Nebiti dünýä bazarlaryna çykarmak” ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda energetika ulgamynda dünýä bileleşiginiň işleriniň möhüm ugurlary, şol sanda transmilli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribesi, suwuklandyrylan tebigy gazyň global söwdasynyň mümkinçilikleri hem-de sebit we dünýä möçberinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň tutýan orny we beýleki möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.

30.05.2017. Türkmen paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly iki günlük Aşgabat forumy öz işine başlady.
Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyga degişli döwlet düzümleriniň, abraýly halkara guramalaryň, senagat ulgamynyň, ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Söwda-senagat edarasynyň kiçi zalynda ýygnananlaryň arasynda Energetika Hartiýasyna agza döwletleriň -- Albaniýanyň, Awstriýanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Keniýanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Ýaponiýanyň, şeýle hem synçy döwletleriň -- ABŞ-nyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Senegalyň, Ugandanyň, Ýemeniň wekiliýetleri bar.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, ÝUSAID-iň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň we beýleki halkara düzümleriň ençemesiniň, şeýle hem CNPC we British Petroleum (BP) ýaly iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar. Energetika Hartiýasynyň wekiliýetine bu guramanyň Baş sekretary Urban Rusnak ýolbaşçylyk edýär.

29.05.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň möhüm ugurlary, Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, ýetip gelýän orak möwsümi hem-de pile öndürmek bilen bagly işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ak ekinlere ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan meýdan işleri, kärendeçi gallaçylary tehniki serişdeler we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni çäreleriň maksatnamasy boýunça görlen çäreler barada habar berildi. Olaryň hatarynda aýdym-sazly dabaralar, döredijilik duşuşyklary we çykyşlar bolup, degişli sergiler guralar.

Şeýle hem häkim sebitiň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

28.05.2017. Dürli döredijilik, medeni çäreler hem-de sport ýaryşlary ajaýyp haly eserlerini döretmegiň gadymy däplerini dowam edýän ussat halyçy gelin-gyzlaryň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine hem-de milli baýlygymyza bagyşlandy.

Gadymy halylaryň reňkleriniň solmaýşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň el hünäriniň şan-şöhraty hem ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan köp sanly muşdaklary haýran galdyrmagy dowam edýär.

Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar ajaýyp paýtagtymyzda geçirildi. Olaryň biri — düýn Türkmen halysynyň milli muzeýinde açylan, däbe öwrülen halkara sergi halkymyzyň bu beýik sungatyna bagyşlandy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň görkezen gymmatlyklarynyň hatarynda ajaýyp nusgawy haly önümleri, şeýle hem tikinçilik işleri bar. Olaryň hatarynda XVIII—XIX asyrlaryň türkmen halylary boýunça döredilen täze nepis nusgalyklar bar.

Şu gün “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XVII maslahaty geçirildi. Bu halkara gurama ylmy we işewür dünýäniň wekillerini, sungat eserlerini hem-de gymmatlyklary toplaýjylary, adaty höwesjeň muşdaklary birleşdirýär. Olaryň tagallalary bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynda türkmeniň gadymy sungatynyň däpleri dowam edýär we ösýär, gözelligi hem-de kämilligi boýunça nepis el halylarynyň şöhraty artýar, belli haly gölleri gülläp ösýän Türkmenistanyň ýüzüniň tuwagyna öwrüldi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!