Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň strategiýasynda Türkmenistanyň paýtagtyny ykdysady, syýasy, medeni durmuşyň, sportuň we syýahatçylygyň iri halkara merkezine öwürmek wezipesini öňde goýýar.
Aşgabady abadanlaşdyrmak, onuň keşbini özgertmek, sport desgalaryny bina etmek hem-de iň myhmansöýer gurşawy döretmek boýunça işler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy.
Ýol-ulag ulgamy düýpli abatlanyldy, bu bolsa awtomobil akymlaryny has gowulandyrdy, bir ýerden beýleki bir ýere barmagyň wagtyny azaltdy. Energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlandy, howadaky geçirijiler has howpsuz bolan ýerasty inženerçilik aragatnaşyk ulgamlary bilen çalşyryldy.
Ýaşaýyş jaý gurluşygynda ileri tutulýan durmuş ugurlary ýüze çykýar. Bu gurluşyklar her toplumda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we oýun meýdançalarynyň, dükanlaryň bina edilmegini, durmuş hyzmatlar ulgamynyň, awtomobil duralgalarynyň, ýaşyl zolaklaryň we ençeme beýlekileriň bolmagyny göz öňünde tutýar. Ozalky bar bolan binalar, ýaşaýyş jaýlary, ýaşaýyş toplumlarynyň içki ýollary abatlanylyp, olaryň durky täzelenildi, binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar ekildi.
Aşgabat paýtagt hökmünde döwletimiziň ykdysady ýagdaýyny, jemgyýetiň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiligini şöhlelendirip, köp babatda tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýär. Paýtagtymyzyda Olimpiýa şäherjiginiňm gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere hem-de dünýä derejesindäki üstünliklere tarap ymtylmasynyň nyşany boldy. Bu ýerde sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

http://tdh.gov.tm

23.06.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna degişli, milli we pudaklaýyn maksatnamalary ýerine ýetirmek, öňde boljak halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen iri çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiziň sebit we dünýä ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny ilerletmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz merdana halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan mukaddes Oraza baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Haýyr-sahawatyň, ýagşylygyň, agzybirligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy bolan Oraza baýramy adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär we halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Bu baýramyň many-mazmunynda biziň beýik medeniýetimiz, gadymyýetden gelýän däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, bu baýramy halkymyz giňden belläp geçýär diýip, milli Liderimiz belledi we hökümet agzalaryny, olaryň üsti bilen tutuş watandaşlarymyzy ajaýyp dabara bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadan durmuş arzuw etdi.
Goý, Oraza aýynda il-günümiziň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň asudalygy hem-de gülläp ösmegi üçin edilen doga-dilegler, namaz-orazalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Oraza baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy iýuny iş güni däl diýip, yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer zähmet gatnaşyklary babatda kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde bu ulgamda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýurdumyzyň Içeri işler ministrligi tarapyndan iş berijiler zähmet depderçeleri bilen ýeterlik derejede üpjün edilýär. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenen esasy ugurlara laýyklykda, edaralarda hem-de kärhanalarda işleýän raýatlar, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, baglaşylan şertnama esasynda işleýän aýry-aýry adamlar baradaky esasy resminama degişli Zähmet kodeksine birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek teklip edilýär.

22.06.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet pul-karz syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de bu ulgamda ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy, maliýe ministri M.Muhammedowy, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.
Milli Liderimiz şu gün maliýe-bank ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlaryň diňleniljekdigini aýtdy. Häzirki döwürde biziň banklarymyz ykdysadyýetimiziň depginli ösmegini ýeterlik pul serişdeleri bilen üpjün edýär we bu serişdeleriň dürli pudaklarda rejeli dolanyşygyna ýardam berýär.
Bu ulgamyň edaralary iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň örän möhüm çeşmesi bolup durýar, şeýle hem häzirki döwürde paýtagtymyzy hem-de obalarymyzy we şäherlerimizi abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan köpsanly taslamalary maliýeleşdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu maslahatyň barşynda oňa çagyrylan ýolbaşçylaryň geçirilýän işler baradaky hasabatlarynyň diňleniljekdigini hem-de bank işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüim wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda maliýe ministri M.Muhammedowyň býujet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hem-de banklaryň maýa goýum gaznalarynyň ösdürilişi barada hasabat berdi.

21.06.2016. Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy-Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ý.Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň syýasy meseleler baradaky geňeşçisi A.Tolstuhin, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.
Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa BMG-niň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň Merkezi Aziýada goşulyşmak we durnukly ösüş, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri, Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýeti, täze görnüşde gaýtadan dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän orny barada pikir alyşmalar boldy, onuň ykdysady ugurlary, BMG-niň Çagalar gaznasynyň çaganyň ösmegi üçin durmuş şertlerini döretmek boýunça alyp barýan işleriniň ugurlary, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşýan goşandy ara alyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Şunda taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa Aşgabatda 13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda uly üstünlik bilen geçirilen gepleşikler hem aýdyň şaýatlyk edýär, gepleşikler Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady.

http://tdh.gov.tm

20.06.2017. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli durmuş-ykdysady ösüş babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler hem-de bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet gümrük gullugynyň täze binasynda geçirilen mejlisde şeýle hem ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam bermek hem-de bu ugurda geljek uly ugurlary kesgitlemek meselesine hem garaldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, häzirki wagtda ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental köprüsi hökmünde çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-kommunikasiýa toplumyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynda esasy ýollar boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmegi bu ulgamdaky möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde täsin inženerçilik desgalary - ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkasyna öwrüljek demir ýol we awtomobil köprüleri ulanylmaga berilýär, sebit hem-de sebitara ýollary döretmegiň hem-de olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädim boljak täze desgalar gurulýar.
Bu ulgamda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň welaýatlaryny bitewi ykdysady düzüme birleşdirdi. Özara gatnaşyklar hem-de ösüş, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, daşarky maýa goýumlary üçin özüne çekiji sebit hökmünde umumydünýä ösüşine üstünlikli goşulyşmak hem-de dürli ulgamlarda uzakmöhletli halkara maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň çägi gadym döwürlerde çekilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hemişe goňşy döwletlerden söwdagärleriň, syýahatçylary özüne çekipdir. Häzirki wagtda bu gadymy ýol döwrebap transmilli awtomobil we demir ýollary hem-de gaz geçirijiler görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, kontinentde üstaşyr gatnawlaryň, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edýär.
Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlamak bilen, hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady we geoulag binýadyny döretmäge saldamly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!