03.07.2017. For foreign currency, the entrepreneurs from Afghanistan purchased automobile petroleum produced by Turkmenbashy Refinery Complex and the businessmen from Russia, Great Britain and United Arab Emirates procured various terry items, cotton thread, licorice and raw fat acids of cotton soapstock.

Large lot of iodine solution to the total amount of 700 thousand manats was a subject of bargain of the UAE business circles.

Domestic entrepreneurs bought off-grade polypropylene “Turkmenaglomerat” produced by Turkmenbashy Refinery Complex to the total amount of 80 thousand manats.

State News Agency of Turkmenistan

30.06.2017. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşlanan neşir ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalar hem-de ähmiýetli seneler, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly barada publisistik gürrüňler görnüşindedir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda uniwersitetiň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide çeper işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de neşirýat önümleri görkezildi.

Maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda hökümet agzalary, milli parlamentiň başlygy we deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, syýasaty öwrenijiler, hormatly ýaşulular hem-de köpsanly ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň egsilmez agzybirliginden, halkyň Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň many-mazmunyna doly akyl ýetirmeginden ugur alyp, ruhy däplere, medeni mirasa daýanýan milli Lideriniň töweregine jebisleşmeginden ybaratdyr.

2007-2017-nji ýyllar aralygyndaky taryhy wakalary öz içine alýan täze kitapda bular barada gürrüň berilýär. Ol terjimehal böleginden başlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamyndaky alyp barýan işleri hem-de ýolbaşçy wezipelerdäki işleri barada beýan edilýär...

29.06.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, işjeň we deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Özüniň türkmen kärdeşini 60 ýaşynyň dolmagy bilen mähirli gutlap we milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw edip, Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini iki döwletiň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin, Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekendigini habar berdi.

Mähirli gutlaglar we bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hormatly sylagy Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji döredijilikli syýasatyna berlen ýokary baha, şeýle hem türkmen-rus netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändiginiň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmek we ynanyşmak derejesi mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin pugta esas bolup, hyzmat eder diýip, ynam bildirdi. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda taryhy gatnaşyklary bilen baglanyşýan iki halkyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalary utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

29.06.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary çagyryldy.

Mejlisiň gün tertibine geçmezden öň milli Liderimiz hökümet agzalaryna “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze çap edilen kitaby ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Ol nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş, söwda we beýleki pudaklarda ulanylýan ölçeýji enjamlary metrologik synaglardan we deňeşdirme barlaglaryndan geçirmek bilen meşgullanýan Döwlet Etalon merkeziniň işi barada hasabat berdi. Wise-premýer milli maksatnamada “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň öňünde kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Merkeziň etalon barlaghanalaryny halkara akkriditasiýasyndan geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçeg birlikleriniň etalon standartlaryny üpjün etmek boýunça işi kämilleşdirmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Türkmenistanyň dünýä ulgamyna goşulyşmagynyň işjeňleşýändigini, hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlarynyň ösýändigini nazara almak bilen, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara derejesinde akkreditasiýalaşdyrmak boýunça işleri geçirmek zerur bolup durýar.Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli düzümler bilen bilelikde bu meseläni ýene-de bir gezek öwrenmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
On ýyl: 2007 - 2017-nji ýyllar... Bu iki senäniň arasynda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň müňlerçesi, şol döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de millionlarça tonnalary, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa goýumlary ýatyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtly durmuşa eýe bolan ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow öz bäsdeşlerinden ep-esli arany açyp, ynamly ýeňiş gazandy. Milli Liderimize raýatlarymyzyň 97,69 göterimi ses berdi. Döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň jemleri halkymyzyň öz milli Liderine we onuň geçirýän döwlet ugruna uly ynamynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesini öňde goýmak bilen, täze döwlet ideologiýasynyň berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bolsa onuň esasyny düzdi.
Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasy kemala gelip, şahsy eýeçiligiň ähmiýeti we orny ýokarlandy, erkin bäsleşik ýörelgelerine esaslanan telekeçilik işi üçin binýatlyk şertler döredildi. Aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl 10 göterim artdyrylmagy durmuş abadançylygynyň hem-de adam mümkinçilikleri üçin şertleri döretmegiň görkezijileri bolup durýar, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistan Bütindünýä banky tarapyndan ortaça derejeden ýokary girdejili ýurt hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistanyň raýatlygynyň kanunlar tarapyndan kepillendirilen konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi täze eýýamyň möhüm alamatydyr. 2007-nji ýylda bäsleşik esasynda, 2017-nji ýyldan başlap bolsa, üç syýasy partiýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegi jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri boldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!