10.07.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy we uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny, ýangyç mazutyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümi bolan tehniki uglerod we hlorly kaliý ABŞ-nyň hem-de Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Russiýadan we Türkiýeden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, hojalyk pamygy, dokma galyndylary ýerlenildi.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 89 million 728 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 million 520 müň manatlyk TNGIZT-de öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

07.07.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, hormatly Prezidentimiziň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2017-nji ýylyň birinji ýarymynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwlet maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy üçin zerur şertler döredildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy, şol sanda senagat pudagynda 3,2 göterim, gurluşykda 4 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10,9 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň möçberi 4,3 göterim artdy.

Alty aýyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň derejesi bellenilen çäklerde saklanyldy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen doganlarça salamlaşyp, söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryny dostluk we taryhy medeni hem-de ruhy umumylyklar arkaly baglanyşdyrýan esaslara daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Rejep Taýyp Ärdogan pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan däp bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň netijesinde döwletara gatnaşyklarynyň strategik we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, bar bolan ägirt uly mümkinçilikler söwda-ykdysady ulgamdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.
Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, söhbetdeşler bu ugurdaky, şeýle hem syýahatçylyk we sport pudaklaryndaky köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada aýtdylar.

03.07.2017. Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Iki goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde owgan Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Owganystanyň Baştutanynyň hormatyna uçaryň ýanynda haly düşelen ýodanyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly myhmansöýerlik däbine görä, Prezident Mohammad Aşraf Ganä duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.

Soňra goňşy döwletiň Baştutanynyň ulag kerweni motosikletçileriň toparynyň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Birek-birek bilen mähirli görşüp, iki ýurduň Liderleri köşgüň “Oguzhan” zalyna geçdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem belent mertebeli myhman daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz gezeginde Prezident Mohammad Aşraf Gani döwlet Baştutanymyzy Owganystanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz belent mertebeli myhmany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän zalyna çagyrdy. Bu ýerde ikiçäk görnüşdäki ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi.

03.07.2017. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler bolsa tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügi, buýan köküni we pagta çigidiniň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 700 müň manat bolan ýod erginini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 80 müň manat bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Türkmenaglomerat” kondisiýa laýyk gelmeýän polipropileni satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!