08.05.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, GonkongdanOwganystandanwe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, pagta-süýümi, reginirlenen süýüm, nah ýüplügiň galyndylary, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Serbiýa.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 55 müň manatlyk saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazardaýerli telekeçiler jemi bahasy11 million 470 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy, polipropileni, gurluşyk nebit bitumyny,şeýle hemsüýüm ülüginisatyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentlig

05.05.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belledi. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem janaýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Biz eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyny, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesini hemişe belent tutarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen tutuş halkymyzy, merdana uruş weteranlarymyzy, tylda yhlas bilen zähmet çeken ildeşlerimizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň Ýeňiş gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 7-nji maýdaky dynç gününi 8-nji maýa — duşenbe gününe geçirmek barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekdi.

04.05.2017. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ozal berlen anyk tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen köpugurly harby özgertmeleriň ilerledilişi barada hasabat berdi.

Goranmak ministri Ýaragly Güýçlerimiziň harby-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçip, milli Liderimizi türkmen esgerleriniň mukaddes harby kasama wepaly bolmak bilen, mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine abraý bilen gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň harby ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýandygyny belläp, döwletimiziň türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de howpsuzlygynyň goragynda berk durýan milli goşunymyzy kämilleşdirmek meselelerine mundan beýläk-de uly üns berjekdigini aýtdy.

„Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Senagat ministrliginiň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde olaryň öndürlrişini özleşdirdiler.

„Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýeti bäsleşige ukyply, ýokary tilsimatlar bilen üpjün edilen,ekologiýa taýdan arassa elektron we eletrotehnika senagatyny kemala getirmäge, içerki we daşarky bazara niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu işi Senagat ministrligi Ylymlar akademiýasydyr beýleki pudaklaýyn edaralar bilen utgaşykly alyp barar.

Türkmenistanyň elektron senagatynyň ilkinji kärhanasynyň açylanyna bary-ýogy birnäçe aý boldy. Häzirki wagtda kärhanada iş orunlarynyň 80-si döredildi, iki çalşykda lampa öndürmek ýola goýuldy. Telekeçiler diňe bir ýagtylyk çeşmesini taýýarlamakdyr ýygnamagyň tilsimatlaryny özleşdirmän, eýsem olaryň görnüşini-de artdyrdylar. Indi günde 3 wattdan 24 watta çenli, ýagny öňki lampalaryň 40-dan 240 wattyna deň gelýän çyralaryň 17-24 müňüsi çykarylýar.Kärhanada öndürilýän Led-lampalar Hytaýdan getirilýän diodly lampalara görä taýýarlanylýar.

President of the United States of America Donald Trump sent his congratulations to President of Turkmenistan Gurbanguly Berdymuhamedov on Novruz Bayramy. The letter states that many people in America also observed this festival, which is a celebration of renewal and rebirth.
“My friend Jack Nicklaus has recently come back from his visit to Ashgabat and told me about the beauty of Turkmenistan and warm hospitality of the people of Turkmenistan very much. American people and our business circles will continue to explore new areas for further cooperation with Turkmenistan”, – the letter of President Donald Trump says.

Site: www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!