Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara-dahyllylara:
oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde;
maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.

www.tdh.gov.tm

08.03.2017. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy.

2008-nji ýylda döredilen bu hormatly ada her ýyl sekiz we ondan hem köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlaryň köpüsi mynasyp bolýarlar. Munuň özi türkmen döwletiniň köp çagaly enelere aýratyn üns we goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dabara şeýle hem hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary, aýdym-saz sahnasynyň ýyldyzlarynyň we belli aýdymçylaryň, döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriň çykyşlary gözelligiň, söýginiň, baharyň, durmuşyň we türkmen zenanynyň keşbiniň senasyna öwrüldi.

07.03.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsini açdylar.

Açylyş dabarasy derýanyň sag kenarynda geçirilip, bu ýere döwlet Baştutanlary şu gün ulanylmaga tabşyrylan häzirki zaman demir ýol köprüsi bilen geldiler. Demir ýol we awtomobil ýolunyň aralygynda kenarda awtoýol çekildi. Şol ýoldan Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni geçdi.

Döwlet Baştutanlary we köpçülikleýin dabara gatnaşyjy beýleki adamlar häzirki zaman estakadasy boýunça Amyderýanyň üsti bilen ulaglarynda geçdiler. Lebabyň köpsanly sazandalary – dutarçylar, skripkaçylar, akkordeonçylar, nagaraçylar, kanonçylar, tüýdükçiler, deprekçiler, gopuzçylar, käseçiler we beýlekiler, şeýle hem tans we folklor toparlary, şol sanda Özbegistanyň şonuň ýaly toparlary köprüniň tutuş dowamynda myhmanlary mübäreklediler. Jemi müňden gowrak adamlar hakyky ajaýyp şüweleňi döretdiler.

Köprüniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiki, inženerçilik-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi. Dykyzlaýjy tehnologiýa boýunça ýokary hilli betondan we armaturadan bolan kuwwatly diregleriň 17-si dikildi.

07.03.2107. Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti hemişe halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanan döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Yslam Abduganiýewiçiň uly ornuny nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine iň oňat ýadygärlik – bu onuň işiniň mynasyp dowam etdirilmegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, umumy taryhy kökleriň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen we özbek Liderleri Yslam Karimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

www.tdh.gov.tm

07.03.2017. Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

Şu gezekki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen enelerimiziň iki ýüz segsenden gowragy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular.

Bellenilişi ýaly, köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň baş aladasydyr.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!