09.05.2017. Türkmenistanda Ýeňiş gününiň 72 ýyllygy giňden bellenilýär. Parahatçylykly ýaşaşmaga çagyrýan, hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dostlugyň alamaty bolan bu sene milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde, asylly däbe görä, gazaply jeňlerde wepat bolan edermen gahrymanlaryň sarpasy belent tutulyp, weteranlar aýratyn hormat-sarpa bilen gurşalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda “1941-1945-nji ýyllar ynsan kowmunyň parahat durmuşyna, adamzadyň mukaddes gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiren, XX asyryň örän pajygaly, agyr hem-de gowgaly döwri hökmünde taryhy girdi. Türkmenistanyň halky hem bu gazaply döwürde doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy, bütin adamzadyň azatlygy ugrundaky adalatly we barlyşyksyz göreşe jebisleşip, ikinji jahan urşunyň ýyl ýazgysyna gaýduwsyz edermenligiň, batyrlygyň, watançylyk borjuna wepalylygyň ajaýyp sahypalaryny ýazdylar...” diýip bellenilýär.

Häzirki döwürde Ýeňiş güni ýurdumyzda aýratyn dabaraly ýagdaýda bellenilýär hem-de nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny, türkmen halkynyň parahatçylyk we ylalaşyk, ynsanperwerlik hem-de döredijilik ugruna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şanly senäniň öň ýanynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uly ýaşly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, sergiler, edebiýat agşamlary, dürli bäsleşikler guraldy. Gazaply kyrkynjy ýyllaryň uruş weteranlaryna, şeýle hem tylyň zähmetkeşlerine we esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny hatyralamak çäresi boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.

Mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny we azatlygyny goran, geljek nesiller üçin bolan göreşleriň kynçylykly pursatlaryny başyndan geçiren ynsanlara maý günleriniň ajaýyp baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdyldy.

Mähriban weteranlar we urşuň yzynda zähmet çekenler şol gazaply ýyllarda Watana bolan mukaddes wepany ykrar eden ak saçly ýaşulular we mähriban eneler biz üçin edermenligiň, hakyky watansöýüjiligiň belent nusgasy bolup durýarlar.

Şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda taryhy sene mynasybetli maslahatlar, duşuşyklar, çeperçilik sergileri, döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Dünýäni faşizm belasyndan goran we Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran Watan gahrymanlarynyň hormatyna sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy.

“Mekan” köşgünde geçirilen dabara frontçy weteranlar we urşuň yzynda galan zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher häkimliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýerde guralan çärede kyrkynjy ýyllaryň nesillerine, olaryň mähriban Watanymyzyň azatlygynyň, garaşsyzlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine görkezen edermenligine çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ýeňiş gününe bagyşlanyp fotosergi geçirildi. Fotosergi Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişellik wekillahanalary tarapyndan guraldy.

Ekspozisiýada uruş ýyllarynyň gara-ak şekilde düşürilen suratlary görkezilip, olarada ozalky SSSR-iň düzümindäki döwletleriň faşizmden üstün çykmaga goan goşandy şöhlelendirilýär. Şeýle-de dürli ýurtlarda surata düşürilen geçen urşuň pidalarynyň hormatyna oturdylan monumentleriň suratlaryna mynasyp orun berildi.

Fotoserginiň dabarasyna BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, BMG-niň garamagyndaky edaralaryň ýolbaşçylary, agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa fotosergini açyp, iki ýyl mundan ozal BMG-niň howlusynda “Parahatçylyk we jebislik daragtynyň” oturdylandygyny ýatlady. Aksoltan Ataýewa şol daragtyň parahatçylygy gorap saklamagyň kyndygyny ýatladyp durandygyny nygtady. Soňra ol: “Parahatçylyk öz-özünden döremeýär. Asudalyk – bu diňe uruş ýokdugyny aňlatmaýar. Asudalygy şu daragta ideg edilişi ýaly, goramaly we goldamaly” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew.

08.05.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, GonkongdanOwganystandanwe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, pagta-süýümi, reginirlenen süýüm, nah ýüplügiň galyndylary, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Serbiýa.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 55 müň manatlyk saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazardaýerli telekeçiler jemi bahasy11 million 470 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy, polipropileni, gurluşyk nebit bitumyny,şeýle hemsüýüm ülüginisatyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentlig

05.05.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belledi. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem janaýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Biz eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyny, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesini hemişe belent tutarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen tutuş halkymyzy, merdana uruş weteranlarymyzy, tylda yhlas bilen zähmet çeken ildeşlerimizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň Ýeňiş gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 7-nji maýdaky dynç gününi 8-nji maýa — duşenbe gününe geçirmek barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!