16.05.2017. Turkmenistan Garaşsyzlygyna eye bolan ilkinji günlerinden özygtyýarly, erkin ösüş ýoluny saýlap almak bilen, gysga döwürde tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş, gülläp ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy.
Biz çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerine buýsanýarys. Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, halkara derejesinde alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär.
Biziň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyndaky özgertmelerimize, içeri we daşary syýasatymyza, taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize, aýratyn hem, demokratik we raýat jemgyýetini gurmakdaky toplan tejribämize dünýäniň iri halkara guramalary, meşhur syýasatçylar ýokary baha berýärler. Adamy jemgyýetiň we döwletiň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyzyň kabul edilen şanly senesine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň hem berkarar döwletimiziň çärýek asyrlyk şöhratly ýoluna baha bermekde hem-de geljekki ösüşlerimiziň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýaryn!
Türkmenistanyň halky jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyfl esasy ugurlaryny kesgitleýän, oňyn bitaraplyk ýörelgelerimizi özünde jemleýän Esasy Kanunymyza buýsanýar, uly hormat goýýar. Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň baş gymmatlygy hökmünde yglan edip, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, Watanymyzy ösdürmäge, bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleHniň berk binýady bolup durýar.
Esasy Kanunymyzda jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeler, beýik maksatlar hem-de ynsanperwer ýörelgeler öz beýanyny tapdy. 2016-njy ýylda giň halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetli waka boldy.

16.05.2017. Dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu maslahatyň ýokary derejede, guramaçylykly ýagdaýda, örän netijeli geçiriljekdigine, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň bolsa, siziň ata Watanymyza bolan beýik söýgiňizi has- da artdyijakdygyna berk ynanýaryn!

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda mähriban halkymyzyň, şeýle hem dünýä türkmenleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda garaşsyz, özygtyýarly, özbaşdak, erkin ösüş ýoluny saýlap alan Watanymyzyň Esasy Kanuny - Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanuny döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm omy eýeleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimize berk eýerip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşamyksyz alyp bararys.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bu gün syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilip, sagdynlygyň, ruhubelentligiň we dostlugyň ýurduna öwrüldi.

15.05.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýeden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna, eýranly işewürler toparynyň wekilleri bolsa tehniki kükürde (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan we BAE-den, Türkiýeden gelen telekeçiler boýalan flanel matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine RF-dan, BAE-den, Türkiýeden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 267 müň manatdan gowrak sarja goýnunyň ýüňüni, nah ýüplügi we galyndylary, mata galyndylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 65 müň manatlyk ýük awtoulagyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

12.05.2017. Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Mejlisde wise-premýerler, ministrleriň käbirleri, welaýatlaryň häkimleri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler hem-de olaryň işine baha berildi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz düýpli bellikleri we talaplary beýan edip, ýolbaşçylar düzümiň öňünde ýakyn döwür üçin anyk wezipeleri goýdy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky meselä garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň 2017-nji ýylyň dört aýynda ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatymyzyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Muňa şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri hem şaýatlyk edýär.

Wise-premýer jemi içerki önümiň ösüş depginleri barada aýtmak bilen, hasabat döwründe bu görkezijiniň 6,2 göterim, şol sanda senagat pudagynda 2,1 göterim, gurluşykda 4,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterim, söwdada 10 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,7 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.

Türkmenistanda 16-njy maýda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ösüşiň hukuk binýady» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.

Maslahatyň çäklerinde dört mejlis geçiriler. Olary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Konstitusiýa binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň syýasy we döwlet gurluşynda toplan tejribesi dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar, giňden wagyz edilmegine mynasypdyr. Milli Liderimiz kabul edilýän kanunlary hem-de beýleki kanunçylyk namalaryny düşündirmegiň, dünýä bileleşigi üçin uly gyzyklanma döredýän Türkmenistanyň döwlet gurluşynda toplan ägirt uly oňyn tejribesini giňden wagyz etmegiň möhümdigi barada aýdyp, Konstitusiýanyň sazlaşykly ösýän Watanymyzyň döwletimiziň mizemez hukuk binýadydygyny belledi. Esasy Kanunda adamyň, jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolup durýandygy kesgitlendi.

2016-njy ýylyň sentýabrynda Baş Kanunyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi ýatdan çykmajak waka boldy – diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň golaýlap gelýän 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli halkara maslahatyny geçirmek tabşyryldy.

Saýt: www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!