Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu gün Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda özbaşdak durmuşa gadam basýan 85 müňden gowrak uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Bu ýyl özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini aňladýan uly wakalara beslendi. Ynha, eýýäm birnäçe aýdan Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary kabul eder. Bu Oýunlar ýurdumyzyň sport döwleti derejesini berkitmegi ugur edinýär. Elbetde, şu günki baýramçylyk bolsa dostlugyň, sagdynlygyň, ylham joşgunynyň senasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — ýaşlaryň zehininiň we intellektual mümkinçilikleriniň ösýän döwri bolup, olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň daýanjyna öwrülip, onuň şan-şöhratyny artdyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlag hatynda Türkmenistany mäkäm syýasy, ykdysady we medeni binýatly döwlete öwürmek boýunça öňde goýlan wezipäni çözmekde ylym we bilim kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.

“Siz ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmelisiňiz, halkymyzyň sylag-hormatyna mynasyp bolmalysyňyz, döwletimiziň özüňiz hakda edýän atalyk aladalaryna gowy okamak, halal zähmet çekmek, gurmak, döretmek bilen jogap bermelisiňiz”. Milli Liderimiziň bu sözlerine mynasyp bolmak bu gün uly adamlaryň durmuşyna gadam basýan mekdep uçurymlary üçin ajaýyp arzuw bolup durýar.

Lebap welaýaty, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň gündogar sebitinde Halaç we Hojambaz etraplaryny birleşdiren ponton köpriniň açylyş dabarasy boldy. Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu waka mynasybetli guralan dabaralara zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Säher bilen Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşýän Halaç etrabynyň “Pelwert” daýhan birleşiginde we Hojambaz etrabynyň “Mekan” daýhan birleşiginde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýerde täze ulag geçelgesi guruldy.

Köpriniň golaýyndaky ýoluň ugrunda elleri baýdakly ýerli ýaşaýjylar hatara düzüldiler. Olar bu möhüm waka mynasybetli bu ýere gelýänleri uly şowhun bilen mübärekleýärler.

Köpriniň töweregindäki ekerançylyk meýdanlarynda kärendeçiler geljekki hasyl baradaky alada berlip, öz işlerine gümra bolýarlar. Derýanyň iki tarapynda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler oturdyldy, konsert meýdançalary guraldy. Olarda welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň, estrada artistleriniň, bagşylaryň, folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türgenleriň görkezme çykyşlary boldy. Derýanyň çep kenarynda “Ýoluňyz ak bolsun!” diýen ýazgyly bina oturdylypdyr. Bu ýerde karateçiler we tanap çekýän ýaşlar, ýaglyga towusmak ýaly milli oýna höwesekler bäsleşikleri guraýarlar.

Sag kenarda bolsa ýerli ussatlaryň elinden çykan haly we haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Pälwanlaryň göreşi gyzyşdy. Iki tarapda guralýan dabaralaryň ortasyndan Amyderýanyň hanasy dolup akýar. Munuň özi derýanyň gözbaşyndaky belent daglarda garlaryň ereýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Lebap welaýatynyň häkimi ýygnananlary täze köpriniň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Bu köpri diňe bir iki kenary, iki etraby birikdirmek bilen çäklenmän, olaryň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

21.05.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çägindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda bolup, döwlet Baştutanymyz özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin, ilkinjileriň hatarynda ses bermek çäresine gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsümi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmak ýagdaýyny yzygiderli ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolup durýar.
Saýlawlaryň giň bäsdeşligi we aýdyňlygy oňa halk ynamyna mynasyp bolan birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýär. Saýlaw işleriniň açyklygy we aýdyňlygy oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler ak ýürekli, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş we raýatlyk işjeňligi bolan, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary ýerine ýetirmek ugrunda ähli tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün edýär.
Şu gün ýurdumyzda geçirilen saýlawlar Watanymyzyň demokratik özgertmeleriň we halk häkimiýetliliginiň dabaralanmasynyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

22.05.2017. Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, buýan köki hem şiresi, ýod galamlary, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Bolgariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 225 müň manatlyga golaý bolan nah ýüplügi, hasa toplumlaryny, saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 756 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

20.05.2017. Ikitaparlaýyn Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Taraplar gepleşikleriň netijelerine, gazanylan ylalaşyklara hem-de gol çekilen resminamalara ýokary baha berdiler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirlemek bilen, taraplaryň ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda özara ynam we düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmegine ýardam bermäge isleg bildirýändikleri bellenildi.

Türkmenistan bilen Özbegistan özbaşdak daşary syýasaty geçirýärler, birek-biregiň daşary syýasat meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny we maksatlaryny, olary durmuşa geçirmegiň usullaryny we gurallaryny saýlap almakda özygtyýarly hukugyna hormat goýýarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurtlarymyz sebitde bolup geçýän ýagdaýlaryň oňyn ösüşine ýardam bermek, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bu sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň kemala gelmegine ýardam bermekde bir bitewi garaýyşlara eýedir.

Türkmenistan bilen Özbegistan Owganystandaky ýagdaýa uly üns berýärler. Häzirki wagtda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň tiz depginler bilen dikeldilmegi, bu ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy örän zerurdyr. Şundan ugur alyp, iki ýurt hem Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Owganystandaky ýagdaý baradaky meselelere garalandyyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň goňşy döwletde parahatçylyk döredjilikli işleriň geçirilmegi, Owganystanyň sebit we halkara ykdysady işlerine netijeli goşulyşmagy ugrunda üýtgewsiz çkyş edýändigini beledi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berlişi ýaly, iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda okgunly hyzmatdaşlyk etmegi şu günki duşuşygyň barşynda ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!