09.08.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemlerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk, 17-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasyna degişli meseleler girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Bakuwda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň üstünlikli we netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Goňşy ýurda amala aşyrylan resmi sapar dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleri, şeýle hem iki halky birleşdirýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyň bu hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirendigini aýtdy.

Giňişleýin göçme mejlisiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem-de söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli sowallar bilen ýüzlendiler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan energetika döwletleri hökmünde öňdäki orunlary eýelemek bilen, Hazarýaka giňişliginiň Ýewraziýada durnuklylygyň, ösüşiň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň çägine öwürmek ugrunda çykyş edýärler. Energetika bolsa örän uly orny eýeleýär—munuň özi ykdysadyýetde hem, howpsuzlykda hem, ekologiýada hem, şeýle-de durmuş ugrunda, diplomatiýada hem şeýledir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

09.08.2017. Azerbaýjan resbuplikasyna bolan resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmanyny esasy girelgäniň öňünde Merkeziň ýolbaşçylary mähirli garşylady.
Milli Liderimiz döwrebap binagärligiň ajaýyplyklarynyň hataryna girýän hem-de Azerbaýjanyň paýtagtynyň esasy desgasy bolan binanyň içine girip, merkeziň taryhy we aýratynlyklary bilen gyzyklandy Aýdylan maglumatda merkeziň Prezident Ilham Aliýewiň 2006-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky Permanyna laýyklykda, döwlet gurluşynyň filosofiýasyny hem-de dostlukly döwletiň ozalky Baştutany Geýdar Aliýewiň milli ideologiýasyny düýpli öwrenmek babatda yzygiderli işleri geçirmek maksady bilen döredilendigi bellenildi. Onuň esasy wezipeleri taryhy, dili, medeni, milli we ruhy gymmatlyklary hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
Bu täsin bina meşhur binagär Zahi Hadidiň ajaýyp taslamasy boýunça guruldy. Ol binagärlik ulgamynda iň ýokary sylaga—Priskeriýa sylagyna mynasyp bolan ýeke-täk zenan binagärdir.
Toplum esasy üç binadan ybaratdyr. Onuň bir bölegini Geýdar Aliýewiň muzeýi tutýar. Muzeýiň üç gatynda onuň durmuşy we işleri barada gürrüň berýän eksponatlaryň ýygyndysy ýerleşýär. Beýlekisi galereýalary bolan sergi zallary görnüşindedir. Olarda arheologiýa, taryh, halk döredijiligi boýunça gymmatlyklar görkezilýär. Şeýle hem Azerbaýjanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň häzirki zaman suratkeşleriniň hem-de fotosuratçylarynyň işleri görkezilýän ençeme zallar bar. Üçünji bölegi dört gatly konsert zaly eýeleýär. Ol maslahatlar we mediýa-merkez üçin otaglary bolan Auditorium diýlip atlandyrylýar. Merkeziň töwereginde iki sany bezeg howuzlary hem-de emeli köli bolan ajaýyp gözel seýilgäh döredilipdir. Binada interaktiw maglumat berýän dürli enjamlar gurnalyp, olaryň kömegi bilen myhmanlar merkez hem-de bu ýerde geçirilýän çäreler barada maglumatlary alyp bilýärler.
Merkeziň açylyş dabarasy 2012-nji ýylyň 10-njy maýynda Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 89 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

08.08.2017. Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Türkmen Lideriniň gelmegi mynasybetli haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerliginiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar türkmen Liderini azerbaýjan topragynda mähirli mübäreklediler.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tarap ugraýar. Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli mübärekleýär. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar. Kabulhananyň öňündäki meýdançada nyzama düzülen Hormat garawulynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar hem-de Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

07.08.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan iş maslahatynyň gün tertibine şäherleri we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şeýle hem öňde boljak şanly senelere we “Aşgabat 2017”-niň oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew, Ahal welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer O.Gurbannazarow we Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy.
Häkim sebiti ösdürmegiň esasy görkezijileri boýunça işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Täze okuw ýylyna we milli baýram - Türkmen gawunynyň gününe taýýarlyk barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim şu ýyl Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, welaýatda pagta ýygym möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagta çenli pagta ýygýan oba hojalyk tehnikasynyň doly taýýarlygynyň üpjün edilmändigini belläp, emele gelen ýagdaýy seljerip, olary düzetmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ähli agrotehniki çäreleri degişli derejede alyp barmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bu ugurda öňde durýan wezipeleriň esasylarynyň biridigini aýdyp, bu işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrýan resmi sapary başlanýar.

Bakuda ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar.

Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň çäklerinde özara bähbitleri hem-de milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny nazarda tutup, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň usullaryny işläp taýýarlamaga uly üns berler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan kuwwatly tebigy-serişde mümkinçiligine, şol sanda ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýedir, bu hem strategik taýdan möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin uly geljegi açýar.

Iki goňşy döwletiň geografik taýdan ýerleşişi hem Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan, ýükleri üstaşyr geçirmegiň has amatly gury ýer we deňiz gatnawlaryny hem-de olaryň halkara logistika düzümlerine goşulyşmagyny üpjün edýän, häzirki zaman transkontinental aragatnaşyk geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde tagallalary netijeli birleşdirmek üçin oňaýly ýagdaýlary döredýär.

Özara hereket etmegiň täzk ugurlaryny kesgitlemekde hem-de işewür aragatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna, şeýle hem işewür düzümlere ähmiýetli orun berilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!