Şu ýylyň geçen dokuz aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% möçberinden ybarat boldy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar-sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Myradow bu barada öz hasabatynda beýan etdi.
Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy.

2019-njy ýylyň 7-10-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Dabaralara Türkmenistanyň köpsanly medeniýet we sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen birlikde biziň ýurdumyzyň amaly-haşam sungat eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň geçirilmegi hem göz öňünde tutulandyr.

www.mfa.gov.tm/tk

06.10.2019. Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.

Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

... Hakyda milletimiziň ýaşaýyşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär.

Türkmen halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr.

05.10.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýadan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, nah ýüplük, kosmetiki serişdeler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, BAE, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 57 million 626 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 888 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million185 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny (TNGIZT) hem-de ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

04.10.2019. Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlananyndan soň Konstitusion toparyň birinji mejlisi başlandy. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça gürrüň edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşygyň esasy maksady konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamakdan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça Toparyň işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Halk Maslahatynda eden çykyşymda belläp geçişim ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlar örän çalt üýtgeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikler hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribesi nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz alyp barýan işlerimizde düýpli syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlarymyzdan ugur alyp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýoluny häsiýetlendirýän ynsanperwerlik hem-de adalatlylyk ýörelgelerine eýerýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda şu ýörelgeleri işjeň goldanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!