20.09.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler hem-de maliýe-bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça iş ýüzünde görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak, telekeçileri höweslendirmek we goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan «Döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibiniň» taslamasyny taýýarlamak meseleleri barada hasabat berdi.

18.09.2019. Şu gün Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek gurlan şeýle binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, medeniýet edaralarynyň işgärleri, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Dabaranyň geçirilýän ýerine gelen Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowy bu ýere ýygnananlar mähirli garşyladylar. Welaýatyň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, sebitiň ýaşululary bilen söhbetdeş boldy, häzirki özgertmeler barada olaryň pikirleri bilen gyzyklandy hem-de dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan «Türkmen alabaýy» diýen täze kitabyny gowşurdy.
Milli Liderimiziň nobatdaky owadan neşirini uly hoşallyk bilen sowgat alyp, bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.
Şol pursatda hormatly Prezidentimiziň alabaýa bagyşlap ýazan täze goşgusyna döredilen aýdym ýaňlandy. Täze aýdymy dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Ol şu günki dabaranyň Garaşsyzlygymyzyň beýik baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilýändigine hem-de bu açylýan täze binanyň ähmiýetine ünsi çekdi we hemmeleri bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýerli we daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, syýasaty öwrenijiler gatnaşdylar.
Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda guramanyň agza-döwletleri tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada aýdyldy.

16.09.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen ştab-kwartirasyndan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrülen hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň hasabat berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

16.09.2019. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş eden türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!