05.11.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda şu ýylyň geçen on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleri, döwlet bähbitlerini goramak boýunça görülýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin olaryň zerur çäreleri görmelidigini nygtap, ýakyn geljek üçin amala aşyrylmaly işleriň toplumyny kesgitledi.
Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaralaryň işini kämilleşdirmegiň harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugrudygyny nygtady. Milli Liderimiz şunda goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy talapdygyna ünsi çekip, milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny saklamak maksady bilen toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga, harby gullugyň gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri görmegiň hem wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, goranmak ministrine birnäçe görkezmeler berildi.
Içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de awtoulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de ministrligiň ähli düzümleriniň işini utgaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, ýol gözegçiligi gullugynyň işini talabalaýyk guramaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýollarda sürüjiler hem-de pyýada ýolagçylar tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmäge, ilatyň arasynda degişli düşündiriş işlerini guramaga üns berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini saklamagy, kanunçylygy üpjün etmegi, jenaýatçylygyň we beýleki hukuk bozmalarynyň öňüni almagy, ýaramaz hadysalaryň ýaýramagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagy Içeri işler ministrliginiň öňündäki gaýragoýulmasyz wezipeler hökmünde kesgitläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet işini talabalaýyk guramak hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň, ilkinji nobatda, kazyýetleriň abraýyny hem-de kazyýet işiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.
Milli Liderimiz bu edaranyň işiniň esasy wezipesiniň türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdygyny, munuň bolsa doly derejede üpjün edilmelidigini hem-de kepillendirilmelidigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.
Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň başyndan bäri amala aşyran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz prokuratura edaralarynyň işiniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunlaryň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirmelidigini belläp, bu edaranyň işgärlerini öz üstüne ýüklenen wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelmelidigini, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň berjaý edilişine berk gözegçiligiň amala aşyrylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz işiň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň serhedindäki işleriň ýagdaýy hem-de gullugyň 2019-njy ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we Watan goragçylarynyň gulluk etmegi üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň serhetleriniň goňşy ýurtlar hem-de beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň sütüni bolmalydygyny, biziň içeri we daşary syýasatymyzyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrülmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz esasy wezipäniň döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk taýdan berkidilmeginiň ministrligiň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belledi. Milli Liderimiz ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň bu düzümiň işinde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ähli bölümlerine öňdebaryjy halkara tejribäni hem-de döwrebap tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, umumy ykrar edilen ülňülere laýyklykda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň ileri tutulýan meselelerine gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gullugyň borçlarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmegini hem-de onuň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini esasy talaplaryň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, yzygiderli durmuşa geçirilýän Harby doktrinasynyň esasyny düzýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrjakdygyny, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek arkaly harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!