28.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda işleriň depgini barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde hemişe tertip-düzgüniň we arassaçylygyň pugta berjaý edilmelidigine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak hem-de bezeg işlerine degişli derejede üns berilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini has-da ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz durmuş-medeni, inžener-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyrmak boýunça işleri oýlanyşykly guramagyň möhümdigine ünsi çekip, häkime paýtagtymyzyň etraplarynyň ýolbaşçylarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän käbir desgalarda gurluşyk işleriniň depgininiň pesdigine ünsi çekip, meýilnama laýyklykda ileri tutulýan desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamak barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Bu babatda milli şähergurluşygynyň we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň däplerini sazlaşykly utgaşdyrmak möhüm ölçeg bolup durýar.
Gyş möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat hojalyklarynyň sazlaşykly hereket etmegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi S. Berdimuhamedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy hususan-da, ak ekinlere arotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Welaýatda gurulýan, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Hasyl toýy mynasybetli guraljak çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsümini toplumlaýyn we öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli agrotehniki çäreleriň geçirilmegini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa gögeriş we ösüş suwuny tutmak boýunça täze agrotehnologiýalary işjeň peýdalanmagy maslahat berdi.
Milli Liderimiz pagta ýygymy möwsüminiň depginini artdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, bu möhüm we jogapkärli işde ulanylýan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky ähli işleriň degişli kadalara laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belläp, häkime birnäçe tabşyryklary, şol sanda pagtany soňky übtügine çenli ýygnap almak hem-de tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygy barada aýdyp, şunda işleriň ýokary hiliniň, desgalaryň bellenen möhletde tamamlanmagynyň hem-de täze gurluşyklaryň halkara ölçeglerine kybap gelmeginiň esasy talapdygyny nygtady.
Milli Liderimiz sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, welaýatyň gyş möwsümine degişli durmuş üpjünçiligini öz wagtynda taýýarlamak hem-de Hasyl toýuny mynasyp derejede guramak boýunça meseleleriň çözülişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, hususan-da, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ak ekinlere ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatyň häkimi Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalar, Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Milli Liderimiz agrotehniki kadalara laýyklykda meýdan işleriniň ýerine ýetirilmegine jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu günler bugdaýa gögeriş we ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek boýunça çäreleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle-de milli Liderimiz pagta ýygymyny bellenilen möhletde üstünlikli tamamlamak barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi hem-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň döredilmegine, maddy-enjamlaýyn serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine berk gözegçilik etmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnalan pagtanyň kabul ediş bölümlerine öz wagtynda we ýitgisiz daşalmagyny, howanyň häzirki amatly şertlerinden peýdalanyp, onuň göwnejaý saklanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalar barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň , şäherçäniň gurluşygynyň hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň barşy bilen gyzyklanyp, bu ugurdaky işleri talabalaýyk alyp barmak babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Gyş möwsümi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak we olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada irgözünden alada etmelidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän umumymilli baýramçylyklara, şol sanda Hasyl toýuna taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, bu möhüm oba hojalyk möwsümini öz wagtynda we guramaçylykly tamamlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, edermen pagtaçy kärendeçiler tarapyndan ýetişdirilen gymmatly çig maly aýawly, iň soňky übtügine çenli ýygnap almagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Watan harmanyna doly derejeli hasyly üstünlikli tabşyrmak üçin amatly howa şertlerini, “ak altynly” meýdanlarda öndürijilikli zähmet çekmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän daýhanlary höweslendirmegiň we goldamagyň çärelerini peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen birlikde, oba hojalyk zähmetkeşleriniň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny doly hem-de netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, häkime degişli tabşyryklar berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz desgalardaky gurluşyk işlerini Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulyp kesgitlenen möhletlere laýyklykda amala aşyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz welaýatda bina edilýän täze gurluşyklardaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda Hasyl toýy mynasybetli guraljak hemme çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtap, häkime anyk görkezmeleri berdi.
Lebap welaýatrynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, ýerlerde ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň depginleri barada hasabat berdi. Hususan-da, pagta ýygymy möwsümini agrotehniki kadalaryň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda tamamlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Häkim hasabatynyň çäklerinde Hasyl toýuna amala aşyrylýan işler, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, sebitiň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolup, anyk netijelerini bermelidigini, munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň günüň talabydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň depginini çaltlandyrmak barada aýdyp, sürümli ýerleri netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary derejede öz wagtynda geçirmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Tehnikalary doly ulanmak barada bildirilýän talaba aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnalan pagtanyň kabul ediş bölümlerine öz wagtynda we ýitgisiz daşalmagyny, howanyň häzirki amatly şertlerinden peýdalanyp, onuň göwnejaý saklanylmagyny üpjün etmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.
Şunda döwlet Baştutanymyz pagtaçylary ýokary zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrmak üçin ýerlerde medeni çäreleri geçirmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gyş möwsümine degişli derejede taýýarlyk görmegiň, ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz welaýatda gurulýan desgalaryň, hususan-da, täze şäherçeleri gurmagyň depginini güýçlendirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyryp, şanly seneler mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy we häkime anyk görkezmeleri berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak, ak ekinlere agrotehniki kada laýyk ideg etmek, sebitiň oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, şeýle hem desgalarda gurluşyk işleri, olaryň hiline we möhletine gözegçiligi üpjün etmek. şanly seneler, şol sanda Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekin meýdanlarynda geçirilýän işlere ünsi çekdi. Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlere we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmetini guramak, ýygnalan “ak altyn” üçin hasaplaşygy öz wagtynda geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň, şol sanda pudagyň tehnikalaryny doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, işleri degişli derejede guramak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigini aýdyp, geçirilýän işleriň hiline yzygiderli gözegçilik etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmek barada aýdyp, ony ýokary derejede guramak boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi, şeýle hem ýyladyş ulgamlaryny ýetip gelýän gyş möwsümine taýýarlamak barada degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň barşy, hususan-da, ýetişdirilen pagta hasylyny ýytgisiz ýygnap almagyň depginini çaltlandyrmak hem-de ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygyny bellemek bilen, “ak altyny” soňky übtügine çenli ýygnap alyp, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günlerden agrotehniki çäreleri geçirip, geljek ýylyň möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görüp başlamalydygyna, tehnikalary möwsüme taýýarlamak hem-de kärendeçiler bilen hasaplaşyklary bökdençsiz geçirmek meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Hasyl toýy mynasybetli dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň netijelerini jemläp, garalan meseleleriň we öňde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmegiň bähbidine giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!