24.08.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Birleşen Arap Emirlikleri, Gruziýa, Gyrgyzystan, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 196 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Gonkongdan gelen täjirler jemi bahasy 11 million 827 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we matany satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!