Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary -- GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Sergeý Iwanowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşykda GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, ekologiýa we medeni – ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylýan çärelere ýokary baha berildi.
Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Geňeşiniň mejlisine taýýarlygyň meseleleri duşuşygyň gün tertibine girizildi.

www.turkmenistan.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!