2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi.
Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF) geçirmek baradaky başlangyjynyň bilelikde durmuşa geçirilmeginiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezýändir.
Astrahan welaýatynyň gubernatorynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bolan I.Ýu.Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky welaýatyň wekiliýetiniň bu forumyň işine işjeň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini, onuň netijeleri boýunça bolsa türkmen tarapy bilen birlikde degişli resminamalara gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny bellemek zerurdyr. Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda döredilen Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan geňeşiniň 1-nji mejlisi hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan we Astrahan welaýaty dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ynsanperwerlik gatnaşyklaryny hem giňeldýärler, astrahanly mekdep okuwçylarynyň 2018-nji ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar deňzi ýurtlarynyň Çagalar medeni-sport festiwalyna gatnaşmagy, şeýle hem 2019-njy ýylyň iýunynda Astrahan şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-rus konsertiniň geçirilmegi munuň aýdyň mysaly bolup biler.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!