Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Ysraýyl Döwletiniň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalara gol çekilmegi halkara forumyň birinji gününiň möhüm wakasy boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «Akademik W.I.Kulakow adyndaky akuşerçilik, ginekologiýa we perinatologiýa milli lukmançylyk barlag merkeziniň» federal döwlet býujet edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Saglygy goraýyş departamentiniň S.P.Botkin adyndaky şäher-kliniki hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň A.N.Bakulew adyndaky Ýürek-damar hirurgiýasy milli lukmançylyk barlag merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkezi hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň akademik G.A.Ilizarow adyndaky «Dikeldiş trawmatologiýasy we ortopediýasy» ylmy-merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda «Türkmenistanda lukmançylyk bilimi ulgamynda simulýasion tehnologiýalary ösdürmek» taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk babatda 2019 - 2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy kabul edildi.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!