Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jemgyýetiň ähli ugurlarynda ilatyň durmuş ýagdaýyny we hilini ýokarlandyrmak, kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan ylmy hem-de döredijilik işleriňizde hemişe rowaçlyk arzuw edýärin.
Bu döwletara mejlisiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, esasy ösüş ugurlary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny aýdyňlaşdyrmakda, alymlaryň, hünärmenleriň özara tejribe alyşmagynda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisinde saglygy goraýyş, durmuş we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklary utgaşdyrmak bilen bagly meseleleriň uly toplumyna serediler. Ýurdumyzyň GDA gatnaşyjy döwletler bilen strategik ugurlar boýunça däp bolan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi şu ýylda bu gurama başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Garaşsyz döwletimiz saglygy goraýyş ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Arkalaşykdaky hyzmatdaşlary bilen işi güýçli depginde dowam etdirýär.
Şu ýylyň 15 — 16-njy maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem netijeli alnyp barylmagyna uly itergi berdi.
Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, öz raýatlarynyň saglygy hakynda hem hemişe uly alada edýär. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler ösdürilýär. Geçirilen bu işler ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi. Döwrebap usullar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijesinde bolsa raýatlarymyzda saglyk barada täze düşünjeler kemala geldi.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde şu ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilen «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahata dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletlerden hem tejribeli hünärmenler gatnaşdylar. Bu bolsa diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, bütin adamzat üçin hem uly taryhy waka boldy. Maslahatyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda, Aşgabat Jarnamasynyň durmuşa geçirilişi we geljekki maksatlar babatda, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde, ulgamyň esasy ösüş ugurlary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, şeýle hem alymlaryň, hünärmenleriň, lukmanlaryň özara tejribe alyşmagynda uly ähmiýeti boldy.
Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglyk ulgamy babatda hem halkara guramalaryň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýär. GDA gatnaşyjy döwletlerde dürli ýyllarda geçirilen mejlislerde berkarar döwletimiziň bu ugurdan nusgalyk işleri bitirýändigi bellenilip, aýratyn hormata mynasyp bolýandygy biziň üçin juda ýakymlydyr. Çünki biziň ýurdumyzda ynsan saglygyny goramagyň kämil derejä ýetendigi, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, sagdyn nesli kemala getirmekde aýgytly ädimleriň ädilip, nusga alarlyk işleriň bitirilýändigi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

www.tdh.gov.tm