2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň welosiped sportunda gazanan üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzda, şeýle hem dünýä derejesinde welosiped sportunyň ilerledilmegine goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentine welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Welosipedçileriň halkara birleşiginiň Halkara minnetdarlyk şahadatnamasynyň, şeýle hem bir hatar boýunça iň dowamly welosipedli ýörişiniň rekordynyň goýulmagy boýunça Ginnesiň Rekordlar Kitabynyň Şahadatnamasynyň gowşurylandygy bellenilip geçildi. 
Brifinge Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Welosiped sporty Federasiýasynyň, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI), Russiýanyň Welosiped sporty Federasiýasynyň, «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylary we wekilleri, meşhur türgenler, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Welosipedçileriň halkara birleşiginiň Başlygy Dawid Lappartýen, Russiýanyň Welosiped sporty Federasiýasynyň Prezidenti W.Ýekimow, şeýle hem welosiped sporty boýunça dünýä çempionlary, at gazanan sport ussatlary S.Nikitenko we D.Dmitriýew dagylar çykyş etdiler. 
Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä welosiped gününiň bellenilmegi boýunça başlangyçlary aýratyn bellenilip geçildi, mälim bolşy ýaly ol BMG-niň agza-döwletleri tarapyndan Baş Assambleýanyň degişli Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen hemmetaraplaýyn goldanylandyr.
Brifingiň barşynda Welosipedçileriň halkara birleşiginiň 2021-nji ýylda Welotrek sporty boýunça Dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçirilmegi baradaky karary bellenilip geçildi, ol sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň ösdürilmeginde Türkmen Lideriniň başlangyçlarynyň dünýä jemgiýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!