14.09.2018. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny we Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Bu resminamada daşary ýurt maýasyny çekmäge we ony netijeli ulanmaga, okgunly ösüş üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga, elektron resminama dolanyşygyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmäge gönükdirilen netijeli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýakyn geljekde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, mundan beýläk-de elektron senagatyny döretmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu maksatnamanyň hereket etmegiň meýilnamasy bolmalydygyny we özüne senagat, energetika, daşary söwda, bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we syýahatçylyk ulgamlarynda taslamalary birleşdirmelidigini nygtady. Innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň, sazlaşykly işleýän elektron senagatynyň döredilmegi, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň ählisiniň maksatnama goşulmalydygyny aýdyp, wise-premýere ýokarda beýan edilen tekliplere laýyklykda onuň üstünde işlemegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän düzümlerinde işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň örän baý uglewodorod serişdeleriniň has netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda öňde goýlan ähli wezipeleriň çözgüdine içgin, oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini dünýä bazarlaryna işjeň çykarmak babatynda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär. Olardan endigan gögeriş almak üçin zerur bolan çäreler görülýär, şol sanda ösüş suwy tutulýar. Ekerançylar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegi ýola goýuldy.

Şunuň bilen birlikde, pagta hasylyny kombaýnlar bilen ýygmagyň depginini güýçlendirmek maksadynda awiasiýanyň we ýörite enjamlaryň kömegi bilen gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işi alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk toplumlarynda geçiriljek at çapyşyklarynyň hem-de beýleki baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymyny geçirmek meselelerine ünsi çekip, obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm oba hojalyk çäresini bellenen möhletde tamamlamagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz güýzlük bugdaý ekişiniň hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli synagdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň mähriban halkymyzyň baý atçylyk däplerini mundan beýläk-de ösdürmäge, milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny bütin dünýäde has-da artdyrmaga ýardam edýändigini belläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde bina edilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünlerini öndürjek hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen gazhimiýa toplumyny ulanmaga bermek işleri doly tamamlandy. Häzirki döwürde önümçiligiň esasy çig maly bolan suwuklandyrylan ammiagyň ilkinji tapgyryny öndürmäge girişildi. Ähli tehnologik ulgamlar awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine birikdirildi.

Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk täze senagat kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistan dünýä bazarlaryna mineral dökünleriň köp mukdaryny ugradýan öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşular.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman senagat düzüminiň we iri gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmegini nazarlaýan senagatlaşdyrmak ýörelgesiniň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugrudygyny belledi. Şu maksat bilen, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan we halkara güwänamalaryň görkezijilerine doly laýyk gelýän hem-de bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen täze kärhanalaryň gurluşygyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Balkan welaýatynda karbamid dökünlerini öndürýän iri kärhananyň gurluşygy bu ugurda ýerine ýetirilen möhüm taslamalaryň biri bolup durýar. Munuň özi sazlaşykly ösýän gazhimiýa pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny we umuman, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak üçin aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň bu babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende iň täze serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň peýdalanylmagynyň ýurdumyzyň energetikleriniň baş wezipeleriniň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň eksport kuwwatyny nazara almak bilen, täze energetika ulgamynyň kuwwatynyň köp esse artdyrylýandygyny belledi we wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi mynasyp derejede garşylamaga degişli meseleleriň üstünde durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini, jemagat gulluklarynyň takyk we sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, kiçi we orta telekeçiligiň işiniň maliýeleşdirilmegini işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda obasenagat toplumynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň 1015-den gowragynyň hereket edýändigi bellenildi. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini öndürip, içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrýarlar.

Senagat pudagynda birleşmäniň agzalaryna degişli 597 önümçilik kärhanasy hereket edip, olarda öndürilýän gurluşyk serişdeleri, dokma önümleri, ýuwujy serişdeler, demir önümleri, mebel, faýans, aýna önümleri, şeýle hem dürli görnüşli polietilen we plastik önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Şu ýylyň ýedi aýynda hususy taraplaryň daşary ýurtlara iberen azyk däl we senagat harytlarynyň möçber geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 68,7 göterim artdy.

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän, ýyllyk kuwwaty 3 müň 600 tonna iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işleýän kärhananyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bellenildi. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda “Parahat” hususy kärhanasy tarapyndan “Tetra Pak” kompaniýasy bilen bilelikde ýyllyk kuwwaty 16,5 million litr süýt önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhanany gurmak boýunça taslama durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýokary hilli türkmen harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ornunyň barha artýandygyny belledi. Milli Liderimiz döwrebap enjamlar hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalaryň gurulmagynyň we ulanmaga berilmeginiň türkmenistanlylary ýokary isleg bildirilýän senagat önümleri bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň azyk bazarynda bolçulygy döretmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda işiň depginini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, kabul edilen maksatnama laýyklykda, häzirki döwürde “Balkan” kärhanasynda “Türkmenistan” we “Magtymguly” gury ýük daşaýjy gämileriň hem-de “Bitarap” nebit tankeriniň abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem kärhanada dürli derejeli we dürli görnüşli gämileriň gurulmagy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda tigirli tehnikalary (awtomobilleri, ýük awtomobillerini, tirkegleri we wagonlary) daşamaga niýetlenen «RO-RO» gämileri bar. Deňizde şu görnüşde wagonlary daşamak portuň esasy ýokary görkezijileriniň biri bolup durýar. Şeýle usulyň ulanylmagy ýük ýüklemek we düşürmek işlerine sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Boeing — 737 MAX 7” görnüşli howa uçarlarynyň birnäçesini satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegi esasy ugur edinýän ulag syýasatyny toplumyň ulag kuwwatlyklarynyň we ýurdumyzyň deňiz flotunyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny nazarlaýandygyny nygtady. “Balkan” kärhanasynyň ýurdumyzyň gämi gurluşygy ulgamyny ösdürmek üçin esasy binýat bolmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu ugra degişli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

«RO-RO» demir ýol wagonlary üçin niýetlenen gämileriň gurluşyna degip geçip, döwlet Baştutanymyz uzak aralyga ýük daşaýan şeýle gämileriň tranzit mümkinçilikleri üçin ähmiýetlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berip, hormatly Prezidentimiz milli deňiz flotuny giňeltmegiň, gämileriň täze görnüşlerini gurmagy özleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi suw ulgamynda ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagyny şertlendirer.

Howa ýollary ulgamyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli welaýatlarda häzirki zaman hem-de ýolagçylara ähli görnüşli hyzmatlar toplumyny üpjün edýän toplumlaryň hereket edýändigini we dürli görnüşli uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklarynyň bardygyny aýdyp, bu işleri dowam etmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, käbir welaýatlaryň çetki etraplarynda häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara görkezijilere laýyk gelýän täze howa menzilleri gurlar.

Howa ýollary gullugynyň parkyny häzirki zaman uçarlary bilen giňeltmek baradaky uzak möhletleýin maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz halkara, sebitara we içerki ugurlarda netijeli peýdalanmak boýunça ýurdumyzda oňyn tejribäniň toplanandygyny nygtady. Şunlukda, ABŞ-nyň dünýä belli “Boeing” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu kompaniýanyň uçarlarynyň ýene-de birnäçesiniň satyn alynjakdygyny belledi. Täze uçarlaryň netijeli ulanylmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny, howa ulgamy boýunça ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak wezipelerini ýokary derejede üpjün etjekdigini aýdyp, milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreler, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri, şeýle hem türgenleriň görkezme çykyşlary meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu taryhy sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler döwletimiziň umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, 19-njy sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzda gazanylan üstünlikler diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyzyň hem hakyky buýsanjy bolup durýar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky forumynda onuň işiniň netijeleri hem-de bu işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň hormatly myhmanlary bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Bitarap Watanymyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyny wagyz etmek, dünýäniň beýleki halklaryny türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça uly işleri ýerine ýetirýändigini belledi. Häzirki wagtda birleşigiň bölümleri dünýäniň dürli döwletlerinde hereket edýär.

Döwlet Baştutanymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmekde, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan, ata-babalarymyzyň topragyna uly söýgi we hormat-sarpa bilen garaýan watandaşlarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, öňümizdäki forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyndan gelip gowşan hoş habar barada habar berdi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitaplaryň dördüsi GDA döwletine gatnaşyjy ýurtlaryň “Kitap sungaty” 15-nji halkara bäsleşiginiň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Bu bäsleşik şu aýda 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby “Medeniýetleriň söhbedi” ugrunda I derejeli diploma mynasyp boldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň köp dillerine terjime edilen hem-de giň okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyny döreden bu eser uly döredijilik ähmiýetine eýedir. Onda häzirki döwürde täze şertlerde gaýtadan dikeldilýän bu meşhur ýoluň jebisleşdiriji orny, onuň ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmekdäki, halklaryň ýakynlaşmagyndaky ähmiýeti açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseri dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna baha bermäge mümkinçilik berýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize “Türkmenistan —–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap üçin berlen I derejeli diplomy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin 29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görmek meseleleri barada hasabat berdi. Öňümizdäki ählumumy forumda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda hem-de goldaw bermeginde işlenip taýýarlanylan ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygy boýunça ileri tutulýan garaýyşlary beýan ediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, häzirki döwrüň esasy meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebit hem-de dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işine saldamly goşant goşýandygyny belläp, hödürlenen resminama gol çekdi we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmagyna ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewürler geňeşi görnüşinde duşuşyklary guramak boýunça tabşyryklary berdi. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň iri işewürler düzümleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu geňeşe möhüm orun degişlidir.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa we beýleki möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi, şeýle hem bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Sammitiň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzi sebitinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. Olaryň hatarynda ylmy barlaglar we Hazar deňzinde gözlegleri amala aşyrmak we halas etmek ulgamynda özara gatnaşyklara, indiki Hazar sammitini we Hazar ykdysady forumyny Türkmenistanda geçirmäge degişli başlangyçlar bar. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şu maksatlar bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda Hazar deňzi institutyny döretmek teklip edilýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz Hazar meselelerini çözmekde umumy tagallalary birleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleri görüp, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, strategik Hazar sebitiniň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmäge çalyşýar. Munuň özi Türkmenistanyň Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli meselelerine degişli hem-de bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Biz mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlarynyň hem-de doganlyk halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz öňümizdäki ýylda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjekdigini belläp, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 28-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek mejlisine gatnaşjak Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wezipelerini çözmekde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň netijeli gural bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň işiniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleriniň ägirt uly ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz belledi. Umumymilli mejlisiň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ony ýokary derejede geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Gelip gowuşýan teklipler jikme-jik öwrenilmelidir. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda garaljak resminamalaryň taslamalary degişli derejede taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem Watan goragçylarynyň mynasyp gullugy hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýşy üçin oňyn şertleri döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunçylygy berjaý etmek, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny gazanmak, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri we onuň gerimi hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň düzgünlerine laýyklykda geljekde hem milli howpsuzlygy, goşunlaryň ähli görnüşleriniň ýokary goranyş ukyplylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz iň täze ýörite tehnika we enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, işgärleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň Türkmenistanyň ähli ulgamlarda ýeten derejesini beýan etmekde has-da ähmiýetlidigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy baýramçylyk mynasybetli döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!