14.09.2018. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara awtomobil federasiýasynyň wise-prezidenti, BAE-niň awtomobil we tur klubunyň ýolbaşçysy, meşhur awtosürüji türgen Mohammed Bin Sulaýimi kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp, wagt tapyp kabul edendigi hem-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralan we dünýä derejesindäki aýdyň sport wakasyna öwrülen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilýän günlerinde ýurdumyza gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda sport döwleti hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda awtomobil we sportuň beýleki görnüşlerini wagyz etmekde hem-de ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary aýratyn bellenildi. Jenap Mohammed Bin Sulaýim milli Liderimizi dünýäniň köp döwletlerinden 80-den gowrak ekipažy birleşdiren eko-ralli-reýdiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, FIA-nyň hem-de Birleşen Arap Emirliklerinden hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Halkara awtomobil federasiýasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny nygtady. Şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän awtoralli hem şu maksatlara hyzmat etmelidir. Ýurdumyz bu taryhy ýoly gaýtadan dikeltmek boýunça yzygiderli ädimleri ätmek bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşmak bilen çäklenmän, halkara ynsanperwer-medeni we sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Amul — Hazar 2018” awtorallisine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Myhman halkara awtomobil sportuny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu taslamanyň uly ähmiýetini belläp, bu ýaryşlary guramakda we geçirmekde gazanylan üstünligiň milli Liderimiziň berýän goldawy hem-de uly ünsi bilen şertlendirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz tejribeli türgen bolmak bilen, ýörite ýol boýunça degişli aralygy geçip, ralliniň prologyny açdy we ýene-de sport awtomobilini dolandyrmagyň ýokary ussatlygyny görkezdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýaryşlaryň ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Onda tebigaty goramak maksady bilen, ralli geçirilýän döwründe CO2 zyňyndylaryny azaltmak boýunça konsepsiýa öz beýanyny tapdy. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň bütin dünýäde derwaýys bolan daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, ýaryşyň köp sanly gatnaşyjylaryna hem-de myhmanlara Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de ajaýyp tebigaty, onuň häzirki gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän ralliniň ynsanperwerlik ugry aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Munuň üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.
Döwlet Baştutanymyz myhmana “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi mynasybetli çykarylan ýadygärlik teňňeleriň toplumyny gowşurdy. Jenap Mohammed Bin Sulaýim tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu deslapky ýaryşlaryň halkara sport senenamasynda mynasyp orun eýelejekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda FIA-nyň wise-prezidenti, Birleşen Arap Emirlikleriniň awtomobil we tur klubunyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň abadançylygynyň, dünýä giňişliginde onuň abraýyny has-da pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!