14-nji sentýabrda «Amul — Hazar 2018» rallisine gatnaşyjylar iň soňky «Sport Meýdançasy» diýlip atlandyrylan düşelgä geldiler. Bu düşelge Türkmenistanda sportuň işjeň ösdürilýändigini, raýatlaryň beden saglygynyň berkidilmeginiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini alamatlandyrýar.
Bedenterbiýe we sport ulgamynda Türkmenistanyň strategiýasynyň baş maksady, ozaly bilen bu ulgamyň mümkinçilikleriniň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegi üçin peýdalanmakdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi bilen ýurdumyzda awtomobil sportunyň meşhurlygy has ýokarlandy. Muňa «Amul —Hazar 2018» rallisiniň geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.
«Amul — Hazar 2018» rallisiniň dördünji tapgyry oňa gatnaşyjylarda üýtgeşik kynçylyklary döretmedi, oňa derek üçünji tapgyra garanda has täsirli boldy. Garri Hant we Bouter Rosgaar ilkinji orna ynamly dolandylar, olar Nani Romini we Aleks Harony birinji orundan ikinji orna süýşürdiler. Belarusly Sergeý Wýazowiçiň erk edýän MAZ awtomobili üçünji orny eýeledi, bu agyr ulag ispanlaryň MINI awtoulagyndan bary-ýogy bir ýarym minut gijä galyp, pellehana geldi.
Bu düşelgede sürüjileri milli tans we saz toparlary garşylady. Agşamlyk nahardan soň myhmanlar Balkan welaýatynyň tebigy ajaýyplyklary bilen tanyşdylar hem-de özlerine «Awaza» barýan ýolda nähili gözellikleriň garaşýandygyna göz ýetirdiler.
Balkan welaýaty çägi boýunça Türkmenistanyň iň giň sebitidir. Onuň aglaba bölegini Garagum sährasy eýeleýär, bu ýerde çägelik alaňlary, şorlaşan ýerleri, batgalyk ýa-da ýowşanly meýdanlary synlamak bolýar. Bu künjekler dünýä taryhynyň täsin ýadygärliklerini özünde jemleýär. Orta Aziýanyň Etrek düzlügindäki iri gadymy medeni merkezi — Dehistan olaryň biri. Bu ýerde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesine görä, baryp biziň eýýamymyzdan ozal III müňýyllykda Misserian jülgesinde suwarymly ekerançylyk bolupdyr, ol ýerli ýaşaýjylaryň esasy meşgullanýan hünäri bolupdyr. Amyderýa esasy suw çeşmesi hökmünde hyzmat edipdir. Emma wagtyň geçmegi bilen derýa öz ugruny üýtgedipdir, ondan uzynlygy Sarygamyş çöketliginden Hazar deňzine çenli 500 kilometrden gowrak bolan gury Uzboý galypdyr. Ondan suw akymy biziň eýýamymyzdan ozal I müňýyllygyň ortasynda kesilipdir, emma onuň gury ugry boýunça uzak wagtyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň şahasy — Gündogary we Günbatary birleşdirýän kerwen ýoly geçipdir. Uzboýyň kenarlarynda X-XIII asyrlaryň kerwensaraýlarynyň yzy ýüze çykarylýar.
Täsin Dehistan şäheri gadymy şäherleriň özboluşly diňleridir, onuň X — XII asyrlardaky ýadygärlikleri, şeýle hem irki yslam döwrüniň Maşat aramgählerindäki metjitdir. Birwagtlar bu şäher Horezm bilen Girkaniýanyň arasyndaky kerwen ýolunda gülläp ösýän orta asyr merkezi bolupdyr.
Dehistan Türkmenistanyň günorta-günbatar bölegindäki örän möhüm orta asyr medeni ekerançylyk zolagy bolupdyr. Bu künjeklerde VIII-XIV asyrlar aralygynda Misserian (Misr ýa-da Missorian) şäheri bolup, ol Horezm şalary döwründe iň kuwwatly derejä ýetipdir. Biziň günlerimize çenli gelip ýeten köp sanly desgalaryň galyndylary onuň ozalky kuwwaty barada habar berýär.
Gadymy şäheriň töwereginde ýerleşen birnäçe kerwensaraý şäher derwezeleriniň ýerleşdirilişini, şäherden çykýan kerwen ýollarynyň ugruny görkezýär. Bu şäher biziň günlerimize çenli ýykylyp, ýitip barýan görnüşinde gelip ýetipdir, onuň binalarynyň köpüsini çöl çägeleri basypdyr, emma hut şu ýerde Firdöwsiniň meşhur «Şanama» eseriniň ýazylandygy sebäpli bu şäher uly taryhy we medeni ähmiýete eýedir.
Gözliata kümmeti hem dünýä bellidir. Ol Türkmenbaşy şäherinden 157 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu kümmet gyzylymtyl, ýaşyl, gyrmyzy reňkli täsin görnüşli ajaýyp daglaryň gurşap alan täsin künjeginde ýerleşýär. Bu jelegaýlarda türkmen esgerleri Hywa hanynyň goşunlaryndan edermenlik bilen goranyp, öz garaşsyzlygyny saklapdyrlar.
Balkan welaýatynyň tebigy ajaýyplyklary hem gyzyklydyr. Sebitiň günbatar bölegini deňizýaka düzlügi eýeleýär, ol gündogar tarapyndan Uly we Kiçi Balkan dag gerişleri hem-de Köpetdagyň günbatar gerişleri bilen gurşalandyr. Täsin tebigy desgalar — Ýaňgala çöketlikleri sebitiň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýär. Ýaňgala «otly galalar» diýmegi aňladýar. Dag toplumlarynyň we gaýa kertleriniň aglaba gyzyl jisimlerden bolandygy sebäpli şeýle at alypdyr. Gije-gündiziň haýsy wagtydygyna hem-de ýagtylygyň üýtgäp durmagyna baglylykda daglar gözüň alnynda reňkini çalyşýar: daňdanlar sowuk mawumtyl reňklerden Gün batan çagynda ýalyn saçýan gyzyl reňke çenli üýtgeýär.
Çöketlikler adatdan daşary gözel görnüşe eýedir. Birwagtlar bu ýerlerde gadymy deňziň suwy tolkun atypdyr. Deňiz kert kenarlary hem-de ägirt uly depeleri ýalaňaçlap, gurap galypdyr. Tolkunlar, ýeller hem-de ýagyş-ýagmyrlar bu ýerde täsin galalary, diňleri, diwarlary emele getiripdir. Çöketlikleriň düýbi örän tekiz bolup, ýüzlerçe kilometre uzap gidýär. Kemalata çöketligi ýene bir täsin künjekdir. Bu ýerde suw çeşmesi bar, goýun we düýe sürülerini suwa ýakmak üçin bu ýere getiripdirler. Çöketligiň diwarlary togalak daşlar bilen bezelipdir, olar dinozawrlaryň ýumurtgalaryny ýatladýar.
Uzak bolmadyk ýerde Alygul, Boýadag, Gökpatlawuk, Gaýnaýan depe we beýlekiler ýaly palçykly patlawuklaryň 30-a golaýy ýerleşýär. Olar daşky görnüşleri boýunça dürli-dürlidir. Olar mahal-mahal palçyk toplumlaryny, gazlary, suwlary we nebiti çogduryp çykarýarlar.
Balkan welaýaty şeýle hem Türkmenistany senagat taýdan ösdürmekde esasy orny eýeleýär, bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek diwersifikasiýalaşdyrylýar, gazhimiýa, himiýa senagaty, nebit önümlerini çykarmagy artdyrmak boýunça pudaklarda taslamalar amala aşyrylýar, ol önümler dünýä bazarlarynda uly islege eýedir.
Sebitiň senagatynyň binýadyny ýangyç-energetika toplumynyň pudaklary: nebit çykarýan we nebiti gaýtadan işleýän senagat düzýär. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýaly ägirt uly senagat desgalary işleýär, ol polipropilen, dizel we ýaglaryň köp görnüşiniň hem-de beýleki nebit önümleriniň öndürilişine ýöriteleşdirilendir, şeýle hem bu ýerde ekologiýa taýdan arassa «Ýewro — 4» we «Ýewro — 5» görnüşli awtomobil benzini öndürilýär.
Şunda tebigaty goramagyň talaplaryna, himiýa kärhanasynyň ekologiýa ýetirýän täsirini azaltmak meselelerine aýratyn üns berilýär, bu çäreler arassaçylyk kadalaryna laýyk gelýän ýörite goşundylary işläp taýýarlamagy, polietileni gaýtadan işlemegiň usullaryny kämilleşdirmegi öz içine alýar.
15-nji sentýabrda rallä gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenaryna baryp ýeterler hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda pellehanadan geçerler. Bu ýerde Merkezi meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça geçirilen ägirt uly.
«Amul — Hazar 2018» eko-ralli reýdi tamamlanar. Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäklerinden geçip, Gündogaryň we Günbataryň halklaryny hem-de döwletlerini birleşdiripdir. Ýaryşlaryň ýeňijilerine sylaglar we gymmat bahaly baýraklar gowşurylar. Ýaryşa beýleki gatnaşyjylar hem Türkmen Desert Race ralli-reýde gatnaşyjylaryň ýadygärlik sowgatlaryny we sertifikatlaryny alarlar.

www.tdh.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!