10.08.2018. Balkan welaýatynda serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy tamamanansoň Soňra Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy okuw-türgenleşik meýdançasyna ugrady, bu ýerde ilkinji gezek harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň görkezme çykyşlary guraldy.
Bu ýerde milli Liderimizi ýaragly düzümleriň ýolbaşçylary garşylaýarlar. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berýär.
Häzir ýaragly düzümleriň ähli bölümlerinde esgerleri harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden taýýarlygyny, öňdebaryjy söweş tehnikalarynyň we ýaraglarynyň dürli görnüşlerine erk etmek hem-de dolandyrmak endiklerini kämilleşdirmek boýunça taktiki okuwlar we çäreler yzygiderli guralýar.
Hormatly Prezidentimiz hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýaraglaryň dürli görnüşlerinden okuw atyşyklaryny geçirdiler.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň nyşanany dürs urmagy Gahryman Arkadagymyzyň söweşjeň ýaragyna ussatlyk bilen erk edýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň biriniň haýyşy boýunça nyşana gol çekýär hem-de Döwlet serhet gullugynyň muzeýine gowşurýar.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara ýüzlenip, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümleriniň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby gullukda ýokary görkezijileri gazanmagyň hem-de söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy talaplarynyň biridigini belledi. Bu ugurda geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz geljekde hem esgerleriň watançylyk terbiýesini artdyrmak, ýaş esgerleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Bularyň hemmesi Watan goragçylarynyň beden taplygyny we ahlak ruhuny ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiziň şahsy göreldesi edermenligiň hem-de Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýginiň mekdebi bolup hyzmat edýär. Edermenlik, gaýduwsyzlyk, islendik harby tehnikany dolandyrmak harby edaralaryň şahsy düzümi üçin nusga alarlyk mysal bolup durýar. Bu aýratynlyklary döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna baranynda, şahsy göreldesinde görkezýär.
Ýörite meýdançada ýörite düzümleriň esgerleri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna döwrebap tehnikalary we enjamlary netijeli ulanmakda ýokary ussatlyklaryny, ýaraglara hem-de söweş sungatyna erk etmekde başarnyklaryny, başa-baş söweşiň dürli tilsimlerini hem-de jenaýatçylary ele salmakda gulluk itlerini peýdalanmak başarnyklaryny görkezdiler.
Harby gullukçylaryň ähli ugurlardan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini goramak häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleriň hötdesinden gelmegi başarýan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär. Ýokary okuw mekdepleri açylýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri üçin zerur serişdeler bilen üpjün edilen täze binalar toplumlary gurulýar we ulanmaga berilýär. Harby gullukçylar ýörite endikleri özleşdirip, çylşyrymly döwrebap söweş tehnikalaryny, enjamlary ussatlarça dolandyryp, ýurdumyzyň ygtybarly goralmagyny üpjün edýärler.
Merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerip, köpasyrlyk taryhynda türkmen halky tarapyndan kemala getirilen harby däpleri hem-de harby sungaty dowam edip we kämilleşdirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri maddy-enjamlaýyn binýady ýokary derejede döwrebaplaşdyrylan goranyş häsiýetli söweşjeň ukyply goşuna öwrüldi. Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan iri möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde milli harby hünärmenleriň täze nesli kemala geldi.
Ozal şu okuw türgenleşiginde hem aýratyn maksatnama boýunça taýýarlyk geçen ýurdumyzyň ýaragly düzümleriniň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary ilkinji gezek bilelikde ussatlyklaryny görkezýärler. Bu bölümler öňdebaryjy taktikalary we täze tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen, tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Bu toparlaryň şahsy düzüminiň söweşjeň, nazaryýet we beden taýýarlygynyň ýokary derejesi ýörite bölümleriň esasy tapawutlandyryjy alamatydyr. Söweşjeň wezipeler çözülende dessinlik, işiň dowamlylygynyň çäklendirilen döwri, gujurly hem-de çalt hereketi ugur edinmek, ykjamlylyk we çakganlyk ýörite maksatly toparlaryň işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Aýratyn maksatly toparyň birikmeleriniň esgerleri beden we ýörite taýýarlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar, jogapkärli wezipeleri dessine çözmegi başarýan Ýaragly Güýçleriň dürli goşunlarynyň nusgalyk bölümleri hasaplanylýar.
Görkezme çykyşlaryna paraşýutçylar topary başlaýar. Olar çylşyrymly howa şertlerinde edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezdiler. Asmanda söweşjeň dikuçarlar peýda bolýar, onuň üstünden ýörite düzümleriň esgerleri böküşi amala aşyrýarlar hem-de belli bir belentlikde howa giňişliginde Döwlet baýdagyny ýaýýarlar. Harby gullukçylar ýere düşüp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berýärler.
Soňra okuw-türgenleşik meýdançasynda beýleki bölümleriň esgerleri hünär taýýarlygynyň derejesini görkezýärler. Olar sowuk ýaraga hem-de söweş sungatyna erk etmek başarnygyny we başa-baş söweşleriniň dürli tilsimlerini ýokary ussatlyk bilen görkezýärler.
Şeýle hem esgerler ulag serişdesini bikanun eýelän topary ýok etmek boýunça hereketleri başarnykly görkezdiler.
Ýörite maksatly bölümleriň biriniň esgerler topary döwrebap söweşjeň ýaraglaryna, şol sanda dürli aralykdan snaýper ýaragyna erk etmek başarnygyny görkezip, nyşanany urdular. Tabşyrygyň barşynda uçarmansyz enjamlar hem netijeli ulanylyp, şolaryň kömegi bilen garşydaşyň esasy söweşjeň nokady ýok edildi.
Görkezme okuwlaryny beýleki ýörite maksatly bölümleri dowam etdi.
Bilelikdäki taktiki hereketleriň barşynda ýörite bölümleriň harby gullukçylarynyň hüjümiň we partlatmak synanyşygynyň dessine hem-de ýitgisiz öňüni almak başarnygy görkezildi. Şertli garşydaşyň ulag kerwenini ýok etmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilýän mahaly, söweşjeň dikuçarlar hem-de ýöriteleşdirilen harby ulaglar gatnaşdy, şeýle hem iň täze gorag serişdeleri, tehniki enjamlar hem-de ýaraglaryň döwrebap nusgalary peýdalanyldy.
Soňra okuwlary ýörite maksatly bölümleriň ýene-de biri dowam etdi. Olara ýolagçy demir ýol düzümini ele salan terrorçylar toparyny ýok etmek hem-de girewe alnan adamlary boşatmak tabşyryldy. Degişli gulluklaryň utgaşykly hereketleri netijesinde ýörite maksatly düzümiň bölümi gysga wagtyň içinde öňde goýlan wezipä hötde geldi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly bölümleri dürli päsgelçiliklerden, şol sanda barmasy kyn we tebigy taýdan çylşyrymly ýerlerden geçmek başarnygyny hem-de sowuk ýaraga erk edişlerini we başa-baş söweşiň tilsimlerini görkezdiler. Bularyň ählisi häzir türkmen esgerleriniň edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezip, öňlerinde goýlan söweşjeň wezipeleri üstünlikli çözýändikleriniň tassyknamasydyr.
Döwrebap tehniki üpjünçilige garamazdan, serhetde ýörite öwredilen itleriň kömeginden peýdalanmazlyk mümkin däl. Olar serhetçiler bilen birlikde, her gün gulluk wezipelerini alyp barýarlar. Türkmenistanda itlere ideg etmegiň däpleriniň hem atlara ideg edilişi ýaly gadymy kökleriniň bardygyny bellemek gerek. Türkmenleriň gadymy ata-babalary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen goragçy itleriň – meşhur alabaý we ýyndam tazy tohumlarynyň bütin dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýandygy ýöne ýerden däldir. Ata-babalarymyzyň tejribelerine gulluk itlerini terbiýeleýän biziň günlerimiziň itleri öwrenijileri häzirki wagtda uly isleg bildirýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki okuwlaryň maksatnamasyna şertli jenaýatçyny saklamak boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilişini görkezmek girizildi. Munuň üçin itleriň ýörite türgenleşdirilen görnüşleri ulanylýar. Olar agtaryş häsiýetleri babatda tapawutlanýar — birnäçeleri açyk ýerde uzak wagtlap aňtamaga, beýlekileri içinde tabşyryklary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Häzirki okuwlarda owçarka itleriniň ukyplary görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli aragatnaşyk boýunça Hazar deňziniň türkmen zolagynda geçirilen okuwlaryň barşyna gözegçilik etdi. Bu okuwlara harby-deňiz güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň dürli kysymly gämileriniň, Türkmenistanyň Harby-howa güýçleriniň uçarlarynyň we dikuçarlarynyň toparlary, ýurdumyzyň harby düzümleriniň ýörite maksatly bölümleri gatnaşdylar.
Harby esgerler şu günki okuwlaryň barşynda öňlerinde goýlan wezipäni takyk ýerine ýetirip, ata Watanymyzyň deňiz çäkleriniň ygtybarly goralýandygyny, bu gün öz bilimlerini kämilleşdirýän, döwrebap deňiz tehnikalaryny, enjamlaryny we ýaraglaryny ussatlyk bilen dolandyrýan harby deňizçilerimiziň netijeli gulluk edýändigini aýdyň görkezdiler.
Öňde bellenilişi ýaly, milli Liderimiz dört nyşanany takyk urmak bilen, şu gün nobatdaky gezek söweş ýaragyna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz şolaryň her birine şu günki waka barada ýadygärlik hökmünde gol çekip, olary Goranmak ministrliginde, Içeri işler ministrliginde we kazyýet edaralarynda saklamak üçin gowşurdy.
Okuwlar tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti ýokary söweş başarnyklary üçin esgerlere minnetdarlyk bildirdi hem-de geçirilen görkezme okuwlarynda ussatlyklaryna ýokary baha berdi. Ýörite maksatly bölümleriň harby gullukçylary milli goşunymyzyň harby bölümlerini döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylara mynasyp durmuş şertlerini döretmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyza mundan beýläk-de wepaly we ynamly gulluk etjekdiklerini, halkymyzyň asuda durmuşynda mukaddes serhetlerimiziň goragynda sak durjakdyklaryny ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!