10.08.2018. Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ir bilen serhet birikmesiniň ýanyndaky meýdança gondy.
Milli Liderimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew hormatly Prezidentimize hasabat berýär.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, serhet birikmesiniň täze binalar toplumyna tarap ugraýar. Bu toplum Ýaragly Güýçleriň täze gurlan ähli binalary ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, şol sanda harby ulgamda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şol özgertmeler ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň sütünlerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda öňdebaryjy söweş hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalaryna eýe bolýan harby edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
...Baş girelgäniň öňünde Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy serhet birikmesiniň şahsy düzümi mähirli garşylaýar.
Harby gullukçylar Belent Serkerdebaşymyza «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýip jogap berýärler.
Milli Liderimiz serhetçileri serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmagy, şeýle hem Serhetçiler güni bilen gutlap, jogapkärli wezipäni – ata Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetleri bolup durýan çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Serhet birikmesiniň şahsy düzümi «Ura!» diýip, birnäçe gezek gaýtalaýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhet birikmesiniň baş girelgesine gelýär.
Dabaraly pursat gelip ýetýär—milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, serhet birikmesiniň täze toplumyny açýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna gelýär, bu ýerde ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi we harby okuwlaryň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Milli Liderimiz täze aragatnaşyk serişdeleri we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezi bilen tanşyp başlaýar.
Ýörite monitorda serhet birikmesiniň degişli çäklerine gije-gündiziň dowamynda wideogözegçiligi amala aşyrýan enjamlaryň işleýşi görkezilýär. Harby gullukçylaryň ygtyýarynda Döwlet serhediniň her bölüminde islendik ýagdaýa dessin täsir etmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalar bar. Serhet birikmesi boýunça nobatçy Belent Serkerdebaşymyzy Maglumat merkeziniň enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary we iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrýar.
Milli Liderimiz nobatçy bilen söhbetdeşlikde häzir serhet goşunlarynda ýokary hünärli, öz işini bilýän, syýasy taýdan sowatly, çylşyrymly döwrebap harby tehnikalaryny, enjamlaryny ussatlyk bilen dolandyrýan serkerdeleriň täze nesliniň kemala gelendigini belledi. Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň öňünde durýan esasy wezipe Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, edermen harby gullukçylaryň beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň gadymy ýörelgelerine laýyklykda, daşary ýurtlar bilen amala aşyrylýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk hem-de özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty giňeltmek, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň çäklerini dostluk we doganlyk serhetlerine öwürmek işinde Watan goragçylarynyň hyzmatyny belläp, Döwlet serhet gullugynyň serkerdesine täze öýüň açaryny gowşurdy.
Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýokary amatlykly jaýlary we beýleki durmuş maksatly möhüm desgalary gurmak hakynda yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildiren harby gullukçy geljekde hem hemişe ata Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.
Toplumyň dolandyryş binasynda dürli çäreleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler döredilip, serhetçileriň hyzmatynda ähli amatlyklary bolan iş otaglary, kitaphana, gulluk we durmuş maksatly beýleki otaglar bar. Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň täze toplumynyň desgalary bilen tanyşmagy dowam etdi.
Belent Serkerdebaşymyz binanyň birinji gatynda ýerleşen esgerleriň ýatakhanasyna barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gün tertibi we olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýyny synlap, bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýaş esgerleriň ýaşamagy we dynç almagy, gullukdan boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyna çekdi, şeýle hem serhetçileriň durmuş üpjünçiligi, olary zerur zatlar bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Bu ýerdäki naharhanada tagamly naharlar taýýarlanylýar, çörek bişirilýän peçde bolsa serhetçiler ýylyjak çörek bilen gündelik üpjün edilýär.
Serhet birikmesiniň düzümine halkara ölçeglerine kybap gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi girýär. Bu ýerde serhetçilere ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur zatlar göz öňünde tutuldy.
Serhet birikmesiniň çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdança hem göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine uly üns berýär. Beýleki düzümlerde bolşy ýaly, milli goşunymyzda hem şahsy düzümiň beden we hünär taýýarlygyny üpjün etmek, sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmek üçin şertler döredilýär.
Şeýle hem topluma durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary girýär.
Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan, goşunlaryň ähli kysymlaryny gurşap alan harby özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzir ýurdumyzda harby şäherjikleriniň, täze serhet galalarynyň gurulmagy bilen bir hatarda, harby gullukçylar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Bu ýerde hem ýaşaýyş jaýlary gurlup, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Öýler mebeller, öňdebaryjy önüm öndürijileriň durmuş tehnikalary bilen üpjün edildi. Çagalar üçin oýun meýdançasy göz öňünde tutuldy.
Täze öýlere göçüp gelenler hormatly Prezidentimize serhetçiler barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şunuň ýaly hemmetaraplaýyn ägirt uly işleri, adam hakyndaky aladany döwlet wezipeleriniň ileri tutulýan derejesine ýetirilen Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň görkezijileriniň biri bolup durýandygyny bellediler.
Hormatly Prezidentimiz täze toplum bilen tanyşlykdan soň, hemmeleri Serhetçiler güni bilen gutlap, ata Watanymyzyň mukaddes araçäklerini mynasyp goramakda asylly gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen harby-ulag tehnikasynyň açaryny sowgat hökmünde gowşuryp, döwletimiziň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny we harby gullukçylaryň hem-de serhetçileriň mynasyp gulluk etmegi hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada etjekdigini nygtady.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!