Rumyniýanyň Transilwaniýa regionynyň Oraştiýe diýen ýerinde şu günler “Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyry geçirilýär.
Türkmenistanyň Rumyniýa gelen wekiliýetiniň Rumyniýanyň awtomobil sport federasiýasy bilen ylalaşygyna laýyklykda ýokarda agzalan tapgyryň çäklerine «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini wasp etmek boýunça birnäçe çäreler geçirýär. Şeýle tematiki çäreleriň hataryna «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan sergi we tanyşdyrlyş dabarasy, şeýle-hem Rumyniýanyň awtomobil sport federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen işçi duşuşyklar we «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar bilen duşuşyklar girýär.
Türkmen tarapyndan gurnalan sergi “Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyryna bagyşlanan tematiki kempinginde açyldy hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
“Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyrynda Serbiýa we Bolgariýa ýaly Rumyniýa bilen serhetdeş döwletlerden birnäçe ekipažlaryň, şeýle-hem Italiýada birnäçe ekipažlaryň gatnaşýandygy bellärliklidir.
Rumyniýanyň awtomobil sport federasiýasy bilen ylalaşygyna laýyklykda IV tapgyryň geçirilýän ähli üç günüň dowamynda hemme awtomobillerde we kwadrosikllerde «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň logotipi ýerleşdirilipdir.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!