11.07.2018. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Hazar deňziniň giňişlikleri boýunça “Galkynyş” atly häzirki zaman gämisinde gezelenç etdi. Gäminiň kapitany milli Liderimize gäminiň ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi.

Ak guw ýaly gämi tolkunlary böwsüp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaýylyp ýatan gözel kenaryň ugry bilen ýüzüşe başlady. Dynç alyş zolagy saglygyňy dikeltmek we berkitmek, göwnejaý hem-de işjeň dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin zerur bolan ähli şertlere we mümkinçiliklere eýedir. Halkara derejeli deňiz şypahanasyny kemala getirmek we abadanlaşdyrmak, onuň düzümini ösdürmek hem-de deňiz ýakasynyň ägirt uly sagaldyş kuwwatyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler gerimi we pikiri boýunça bu ajaýyp taslamanyň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Mundan başga-da, dynç alyş zolagynyň amatly ekologiýa ýagdaýyny hem-de ajaýyp tebigy şertlerini — arassa howasyny, altynsow çägeli kenaryny, deňizde suwa düşülmegini we gün wannasynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Hazaryň ajaýyp görnüşi has-da ruhlandyryp, asyl bolşy üýtgemedik gözelligi bilen aklyňy haýran edýär. Bularyň hemmesi ajaýyp dynç alynmagyny kepillendirýär, ruhubelentligiňi artdyrýar, gowy duýgularyň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýär. Her ýyl bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem ýurdumyzyň myhmanlary dynç almaga gelýärler. Amatly şertleriň, ýokary hilli hyzmatlaryň we medeniýetli dynç almagyň bu ýerde diňe tomusda däl-de, eýsem, “mahmal möwsümi” diýlip atlandyrylýan döwürde, umuman, tutuş ýylyň dowamynda kepillendirilýändigini bellemek gerek.

Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport merkezi derejesine ynamly eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara häsiýetli dürli çäreleriň geçirilýän ýerine hem öwrüldi.

Häzir Hazaryň kenarýakasynda okgunly ösýän, ýokary amatlyklary bolan deňiz dynç alyş zolagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünlikli bolmagynyň nyşany hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeler bu täzeçil durmuş-ykdysady strategiýanyň gös-göni netijeleri bolup, ekologiýa ugry hem olaryň aýrylmaz we möhüm bölegidir.

Gäminiň üstünden “Awazanyň” binagärlik toplumynyň ajaýyp görnüşi açylýar, şolaryň hatarynda ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej şäherjikleri, saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary bar. Syýahatçylyk zolagynyň düzümini has-da giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu şypahana merjeniniň desgalary ýerli tebigat aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşyp, ony döretmek taslamasynyň esasynda innowasion çemeleşme we öňdebaryjy çözgütler goýuldy. Her binanyň hem-de desganyň bolsa özboluşly nusgasy we dizaýny bar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu ýerde tomus döwri üçin häsiýetli bolan köpçülikleýin zähmet rugsatlary möwsümi bilen bagly goşmaça guramaçylyk çäreleri görüldi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana ulgamy kämilleşdirilýär, dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri artýar. Bu ýerde ulularyň hem-de çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirip bilmegi üçin şertler döredildi. Degişli enjamlary bilen üpjün edilen çagalar oýun meýdançalary hem-de dürli güýmenjeleri bolan seýilgäh-dynç alyş toplumlary çagalaryň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi.

Deňizde gämili gezelenjiň barşynda döwlet Baştutanymyz öz agtyklary bilen behişdi mekany, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrülen Awazanyň gözel keşbini synlady.

Şol wagt bu ýerde bolup geçen şanly wakalaryň hormatyna deňziň kenarynda sungat ussatlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandy. Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar Hazaryň giňişligi boýunça ýoluny dowam edip barýan ak guw ýaly gäminiň üstünde duran Arkadag Prezidentimizi mähirli we tüýs ýürekden mübäreklediler. Çykyşlar tamamlanandan soň, Awazanyň agşamky asmanyna feýerwerkiň dürli öwüşginleri şugla saçdy.

www.tdh.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!