11.07.2018. Hormatly Prezidentimiz habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi tamamlandan soň, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň jemleýji we çylşyrymly bölekleriniň biri boýunça geçmäge taýýarlanyp, awtomobil sportunyň her bir sürüjiden düýpli we jogapkärli garaýşy talap edýändigini belledi. Bu ýerde ähli zat, şol sanda ýaryş ýolunyň kartasyny jikme-jik öwrenmek, ýaryşa gatnaşyjylaryň egin-eşikleriniň ykjamlylygy hem-de beýleki zerur serişdeleriň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmegi, bellenilen düzgünleriň takyk ýerine ýetirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Milli Liderimiz awtoulaga münmezden ozal, sport aýakgabyny süpürdi. Döwlet Baştutanymyz ýaryş ulagyna münüp, howpsuzlyk kemerini dakyndy hem-de dolandyryş, nawigasiýa we aragatnaşyk ulgamynyň işleýşini barlady. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz ähli işlerinde we başlangyçlarynda bolşy ýaly, esasly we toplumlaýyn çemeleşmesini görkezdi.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize ýoly üstünlikli geçmegi arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bat almazdan öň, Türkmenistanyň IIM-niň awtoulaglar merkeziniň sürüjsini öňe geçirendigini bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoly boýunça awtorallini geçirmek pikirini öňe süren milli Liderimiz onuň durmuşa geçirilişine, guramaçylyk meselelerinden başlap, anyk işlere çenli ähli zatlara hut özüniň gözegçilik edýändigini bellemek gerek. Elbetde, bu özüneçekiji ýaryşlaryň diňe Watanymyzyň durmuşynda däl-de, eýsem, şu ýylyň halkara sport möwsüminiň senenamasynda şanly waka boljakdygy gürrüňsizdir. Garagumuň içinden geçjek bu ýaryşa gatnaşmaga birnäçe ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň gyzyklanma bildirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz tejribeli türgen hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, şunda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Ine, bu gezek hem milli Liderimiz sport awtoulagyny dolandyrmagyň ajaýyp endiklerini görkezdi: Gahryman Arkadagymyzyň ussatlygynda geçirijilik ukyby ýokary bolan awtoulag ýol bilen ýüzin salyp, tizligini barha artdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda awtomobil ýaryşlarynyň badalga meýdançasynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýoluň başlangyç böleginde synag tapgyryny geçdi hem-de onuň tebigy päsgelçiliklerinden ussatlarça geçmegi başardy.

Maý aýynda bolsa döwlet Baştutanymyz saýlama ýaryşlaryna gatnaşdy, şonda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistana wekilçilik etjek toparlar kesgitlenildi. Milli Liderimiz olara ak pata bermek bilen çäklenmän, eýsem, sport awtoulagyny dolandyrmakda nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýoly geçende ýaryş awtoulagyny dolandyrýan sürüjiniň erki, çydamlylygy, maksada okgunlylygy hem-de ünsüni doly jemlemegi üstünligiň möhüm şertleri bolup durýar. Şeýle hem şonda döwlet Baştutanymyz ýaryş ýolunyň gurluşy we beýleki ýagdaýlary bilen içgin tanyşdy.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleri birleşdirýän iri abraýly ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Elbetde, häzir eýýämden “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekmek bilen, milli sporty ösdürmäge täze itergi berip, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň, sport döwleti hökmünde abraýynyň artmagyna ýardam eder.

Balkan welaýatynyň çäginden geçýän ýaryş ýolunyň jemleýji bölegini gurşap alan tebigatyň özboluşlylygyny bellemek gerek. Onuň ugry ajaýyp ýerlerden geçip, bu ýerde Hazaryň kenarynyň hem-de deňiz giňişliginiň gözelligi sazlaşykly utgaşýar. Ruhubelentligiňi artdyrýan şeýle täsin tebigy sazlaşyk ýaryşa gatnaşyjylar üçin ruhlandyryjy şert bolup durýar. Milli Liderimiziň dolandyrýan, öňe sary okdurylyp barýan sport awtoulagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň ýolunda täze üstünliklere tarap ynamly hereketini alamatlandyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, hünärmenler dürli görnüşli ösümlikleri we haýwanlary bolan tebigatyň bu künjeginiň ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýaryşa taýýarlyk görlende, tebigaty goramak ugruna uly ähmiýet berilýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi ençeme asyr mundan ozal, Aziýany we Ýewropany diňe söwda däl-de, eýsem, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran, ady rowaýata öwrülen taryhy ýoly häzirki döwürde dikeltmäge mynasyp goşant bolar.

…Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny ýokary tizlik bilen ussatlarça dolandyryp, pellehana birinji bolup geldi hem-de bu ýerde birnäçe aýlaw etdi. Bu ýerde milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. 18 kilometr aralygy 14 minut 30 sekuntda geçen hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagyndan düşüp, ýoluň özboluşlylygyna ýene bir gezek ünsi çekdi, munuň özi ýoluň geçýän çäginiň tebigy aýratynlyklary, şol sanda Garagum çöli bilen şertlendirilendir. Bu bolsa ýoluň ol ýa beýleki tapgyrlarynda çylşyrymlylygyň dürli derejesini döredýär, munuň özi sürüjilerden ýokary ussatlygy hem-de ýaryşlara toplumlaýyn taýýarlygy talap edýär.

Soňra milli Liderimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan sergi bilen tanyşdy. Bu ýerde içeri işler ministri I.Mulikow degişli hasabat bilen çykyş etdi.

Sergide mahabat bannerleriniň we pannolaryň görnüşleri, ýaryşlaryň nyşanlary, türgenleriň, meýletinçileriň hem-de hyzmat edýän işgärleriň egin-eşikleriniň nusgalary, dürli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri, ýurdumyzyň dokmaçylarynyň taýýarlan dürli görnüşli dokma önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyza Türkmenabat şäherinde awtoralliniň badalga alýan ýeriniň çyzgylary, sport ýaryş awtoulaglarynyň görnüşleri we tehniki häsiýetnamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän, dürli ulaglar şekillendirilen plakatlar görkezildi.

Şeýle hem bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine ýörite bagyşlanyp taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, halkara awtorallisine gabatlanyp çykaryljak önümleriň hili bilen bir hatarda, şolaryň bezegi hem-de özboluşlylygy, milli bezeg önümlerini döwrebap dizaýner işleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp peýdalanmak ýaly ugurlara uly üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ugurda işler degişli guramaçylyk meselelerini çözmek bilen birlikde amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we içeri işler ministrine hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, degişli ýolbaşçylara ralliniň geçjek ýolunyň ugrunda hem-de jemleýji böleginde duralgalarda medeni çäreleri guramak barada anyk görkezmeleri berdi. Şolarda şanly wakanyň dünýä derejesindäki ähmiýeti, ýurdumyzyň sportunyň gazananlary öz beýanyny tapmalydyr.

Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň çykarýan sport lybaslary hem-de sowgatlyk önümleri barada aýdylanda bolsa, şolar hem milli öwüşginlere eýe bolmalydyr. Şolaryň bezelişinde türkmen topragynyň gözelligini hem-de tebigy ajaýyplyklaryny, şol sanda Garagumuň we Hazaryň kenarynyň gözelliklerini şöhlelendirýän zatlar ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Özboluşly sowgatlyklar bolsa biziň myhmanlarymyz üçin Türkmenistan hem-de öňde boljak uly sport baýramçylygy hakynda ýatdan çykmajak zatlara öwrülmelidir.

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu çärä taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen bagly bolan ähli meselelere örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, bu halkara ýaryşlarynyň ýatdan çykmajak, şanly waka bolmagy üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, alyp barýan işlerinde hem-de öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!