12.06.2018. Lebap welaýatynyň kombaýnçylary 6-njy iýunda badalga alan galla oragynyň başyndan bäri ilkinji 100 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar. Galla oragy, bugdaýy elewatorlara hem-de galla kabul ediş bölümlerine ýetirmek işi gije-gündiziň dowamynda amala aşyrylýar we onuň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Häzirki wagtda welaýatda galla kabul edýän bölümleriň 35-si hereket edýär.

Amyderýa jülgesiniň orak möwsüminde ýokary öndürijilikli galla hasylyny ýygnaýan kombaýnlaryň 400-den gowragy, awtoulaglaryň we beýleki ulag serişdeleriniň 2 müňden gowragy işledilýär. Galla oragynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň mehanizatorlary galla orýan ýokary öndürijilikli täze kombaýnlaryň 70-den gowragyny hem-de bugdaý daşamak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň 47-sini aldylar. Munuň özi galla oragynyň ilkinji günlerinden bugdaý ýygnamak we hasyly harmanlara daşamak işiniň depginini çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Galla kabul edýän bölümleriň ählisi täze elektron tereziler bilen üpjün edildi we hasyly tabşyrmak hem-de kabul etmek işi çalt amala aşyrylýar. Elewatorlarda we kabul ediş bölümlerinde enjamlaşdyrylan barlaghanalar işleýär. Olarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri bugdaýyň hilini çalt kesgitleýärler. “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümlerinde tabşyrylan hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Galla oragynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan ulgamlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn iş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Galla oragynyň ýokary depginde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýerlerde tehniki hyzmaty amala aşyrýan ykjam toparlar döredildi. Olar ätiýaçlyk şaýlar, gurallar, ykjam aragatnaşyk bilen üpjün edildi.

Hasyl ýygnamak işine gatnaşýanlaryň öňünde döredijilik toparlary konsertler bilen çykyş edýärler, ýerlerde göçme söwda guraldy.

Şu ýyl sebitiň ekerançylary 157 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler we Watan harmanyna 350 müň tonnadan gowrak galla tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. Şoňa görä-de, hasyl ýygnaýan-ulag toplumynyň ähli bölümleriniň tagallalary ýetişdirilen hasyly ýokary hilli hem-de ýitgisiz ýygnap almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşmak üçin galla oragyny öz möhletinde geçirmäge gönükdirilendir.

Amyderýa jülgesiniň kärendeçileriniň ýüzlerçesi eýýäm däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, bol hasyl aldylar. Çärjew etrabynyň “Amyderýa” daýhan birleşiginiň Ý.Seýidow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gallaçylar topary 31 gektar meýdanyň her gektaryndan 47 sentner hasyl ýygnap, galla kabul ediş bölümine ýokary hilli bugdaýyň 147 tonnasyny tabşyrdy we däne ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Bu toparda kärendeçileriň 22-si zähmet çekýär. Iň ussat gallaçylar bolsa her gektardan 52 sentnerden 59 sentnere çenli hasyl aldylar.

Döwletimiz oba hojalyk işgärlerini hemmetaraplaýyn goldap, olary ýokary hilli tohum, mineral dökün, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan döwrebap tehnikasy bilen üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlaryň, maldarlaryň, mehanizatorlaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça hemmetaraplaýyn alada edýär. Munuň özi diňe bir ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dänäni daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berdi.

Bu gazanylan üstünliklerde Lebap welaýatynyň gallaçylarynyň hem saldamly goşandy bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Amyderýa jülgesinde azyklyk bugdaýyň öndürilişi 7 essä golaý artdy.

Galladan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär we şaly, mäş hem-de gök ekinler ekilýär. Ýylda iki hasyl almak maksady bilen, ýerleriň şeýle netijeli ulanylmagy daýhanlara goşmaça girdeji getirýär.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!