08.03.2018. Şu gün Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlarynyň hormatyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylygyň guramaçylary — Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi we Aragatnaşyk ministrligi oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işinde uly üstünliklere eýe bolan zenanlary çagyrdylar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygar astynda geçýän şu ýylda ajaýyp zenanlar baýramçylygyna gabatlanylan dabaralar hem-de çäreler aýratyn mana eýedir, çünki baý milli mirasymyzy aýawly saklamak hem-de geljekki nesillere geçirmek işinde zenanlaryň hyzmaty örän uludyr. Zenanlar dessanlaryň we rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we liriki gazallaryň, halk aýdymlarynyň ajaýyp gahrymanlarydyr. Zergärler olara täsin sungatyny bagyşlap, gymmat bahaly metallardan hem-de daşlardan ajaýyp şaý-sepleri döredipdirler. Zenanlaryň döreden hem-de ruhlandyran zatlaryny sanap geçmek halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny beýan etmegi aňladýar.
Aýal-gyzlarymyz bu taryhy milli halyçylyk sungatynda we ajaýyp keşdelerde aýdyňlyk bilen beýan etmegi başarypdyrlar. Bu sungatyň ýörelgeleri milli döredijilik mekdebiniň esasyny düzdi. Şol däpler häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungatynda mynasyp orun eýeläp, täze durmuşa hem-de ösüşe eýe boldy.
Täze taryhy eýýamy işjeň döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler, milletiň belent ruhy gymmatlyklaryny, onuň parasatly däp-dessurlaryny goraýan Türkmenistanyň zenanlary döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar erkekler bilen deň derejede döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine saldamly goşant goşýarlar.
Şu günki dabara dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we elbetde, dabaranyň baş gahrymanlary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zenanlar gatnaşdylar. 8-nji martyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy.
Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmatynyň örän uludygyny belledi. “Biz maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza guwanýarys. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada hemişe alada ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlarymyzyň adyna iň gowy arzuwlar, ene mähremligi we aladasy hem-de sahawatlylygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabara gatnaşyjylaryň, şol sanda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Zenanlar babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän syýasata aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we degişli milli kanunçylyk namalary, şeýle hem zenanlaryň bilimi we saglygy, olaryň jemgyýetçilik-durmuş derejesi bilen baglylykda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalar aýal-gyzlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň we goramagyň ygtybarly kepili bolup durýar.
Döwletimiziň yzygiderli aladasyny duýýan Türkmenistanyň zenanlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hemmetaraplaýyn goldawy, maşgala ojagyndaky abadançylyk, saýlap alan hünärinde öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmekleri, parahat we gülläp ösýän ýurdumyzda çagalary terbiýeläp ýetişdirmek mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bilim almak, hemmetaraplaýyn ösmek, hünäriňi kämilleşdirmek hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin özleriniň öňünde giň mümkinçilikleriň açylýandygyna göz ýetirýärler.
Eneler we çagalar hakynda alada etmek, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen zenanlarynyň döredijilik hem-de intellektual kuwwatyny artdyrmak, aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy. Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk binýadyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň sazlaşykly ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Baýramçylyk lybasyna beslenen zalda hakyky ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Meşhur estrada aýdymçylary türkmen zenanlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň sahawatlylygyny wasp edýän ajaýyp milli aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirdiler. Meşhur medeniýet işgärleri, artistler mähriban ejelerimiziň, ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň başynda Magtymguly adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri “Bahar nagmalary” atly aýdym-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler.
“Güneş” çagalar hory hem-de “Galkynyş” çagalar topary konserte gatnaşýan ýaşlaryň adyndan enelerimizi ajaýyp çykyşy bilen gutladylar.

Sahnada meşhur opera we estrada aýdymçylary özleriniň hoş owazlary bilen eziz zenanlarymyzy wasp edip, aýal-gyzlarymyza nusgawy aýdym-saz sungatynyň ajaýyp eserlerini peşgeş berdiler. Tomaşaçylar eziz Watanymyz, söýgi we wepadarlyk, bahar lybasyna beslenýän ajaýyp tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligi baradaky aýdym-sazlary aýratyn tolgunmak we buýsanmak duýgusy bilen diňlediler.
Milli sungatymyzda zenanyň keşbi esasy orunlaryň birini eýeläpdi we şeýle bolmagynda galmak bilen, ruhubelentligiň hem-de ylhamyň aýdyň beýany bolup durýar. Türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň şahyrlary, sazandalary, aýdymçylary we suratkeşleri nesillere enelere çuňňur hormat goýmak, uýalarymyza we gelinlerimize mähirli garamak bilen baglanyşykly şöhratly däp-dessurlary, parasatly wesýetleri galdyrypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň zenanlaryna baýramçylyk Gutlagynda: “Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir” diýip belleýär.
Tutuş taryhyň dowamynda zenanlarymyz maşgala ojagynyň abadançylygyny saklaýarlar, maşgala gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döredýärler, çagalary terbiýeleýärler, edermenlige hem-de zähmet üstünliklerine ruhlandyrýarlar. Şu gün ähli gutlaglar we çykyşlar türkmen halkynyň ajaýyp häsiýetlerini — zähmetsöýerligi, sahawatlylygy, gaýduwsyzlygy özünde jemleýän gahrymanlarymyza bagyşlandy.
Döwlet Baştutanymyz biziň zenanlarymyzyň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha bermek bilen hemişe olaryň hyzmatlaryna, işjeň raýatlyk garaýşyna we ornuna ýokary baha berip: “Türkmenistanyň zenanlary ýurdumyzyň buýsanjy we şan-şöhratydyr” diýip nygtaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan beýleki milli baýramçylyklar ýaly, Halkara zenanlar güni hem Türkmenistanda milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzda zenanlara döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda, Watanymyza wepaly, sagdyn hem-de ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gazanýan uly üstünlikleri üçin aýal-gyzlarymyz “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylýar, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar, köp çagaly maşgalalara bolsa ýokary amatlyklary bolan täze jaýlardan öýler sowgat berilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany terbiýelän maşgalalaryň barha köpelýändigini, ilatymyzyň sanynyň artýandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi raýatlarymyzyň ertirki güne ynamynyň, döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň, raýatlarymyzyň abadançylygynyň barha ýokarlanýandygynyň we saglygynyň berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parasatly syýasaty häzirki döwürde döredilýän täze durmuş hem-de ykdysady şertlerde zenanlarymyzyň diňe bir maşgala ojagyny goraýjylar bolman, eýsem, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň goşulmagyna, telekeçilik işi bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir. Ýokary bilim hem-de hünär derejesi, işjeňlik we tutanýerlilik biziň döwürdeş zenanlarymyzyň aýratyn häsiýetine öwrüldi. Durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde, medeni däp-dessurlary aýawly saklamakda we ösdürmekde olaryň eýeleýän orny örän uludyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan demokratik özgertmeler, dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmak ýoly bilen ynamly we okgunly öňe barýar. Bu hereket bolsa oýlanyşykly durmuş we gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňliginiň üpjün edilmegi bilen baglylykda has netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.
Biziň Bitarap döwletimiz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine, şeýle hem Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagy taryhy wakalardyr. Munuň özi biziň Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösüşinde eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn berkidýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy dürli meseleleri, şol sanda gender deňhukuklylygy ulgamyndaky meseleleri çözmäge gönükdirilendir. BMG-niň Ilat gaznasy bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. BMG-niň bu düzümleýin edarasynyň maslahat beriji goldawynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “2015 — 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň” işlenip taýýarlanylandygyny bellemek möhümdir.
Zenanlar hakykatdan hem ýurdumyzyň milli baýlygydyr, ýurdumyzyň buýsanjydyr we onuň ýeten derejesidir. Aýal-gyzlarymyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar we häzirki wagtda täze durmuşy gurmaga ägirt uly goşant goşýarlar. Zenanlarymyzyň Türkmenistanda möhüm döwlet, syýasy çözgütleriň kabul edilmegine, jogapkärli meseleleri hem-de derwaýys wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmagy adalatly we deňhukukly jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Çünki zenanlar tutuş adamzadyň belent hormat-sarpasyna mynasyp ynsanlardyr. Olar özleriniň mähremligi hem-de aladaçyllygy, ruhy sahawatlylygy bilen bizi gurşap alan dünýämizi has kämil hem-de ynsanperwer keşbe eýe edýärler.
Ýurdumyzda zenanlarymyzyň durmuş statusy ýylsaýyn artýar. Olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda türkmen zenanlary jemgyýetçilik we hünär işiniň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýarlar. Şunuň bilen birlikde, olar, öňküsi ýaly, örän mährem, gözel, salyhatly we şol bir wagtyň özünde gujur-gaýratly, parasatly hem-de gaýduwsyz bolmagynda galýarlar. Beýik şahyrlar, suratkeşler we sazandalar olaryň bu häsiýetlerini ussatlyk bilen wasp edipdirler. Olaryň eserleri dünýä medeniýetiniň we sungatynyň genji-hazynasynyň üstüni ýetirdi.
Ajaýyp zenanlarymyza bagyşlanan dabaranyň ahyrynda häzirki döwürde mähriban halkymyzyň abadançylygyň bähbidine giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýan Garaşsyz Watanymyza buýsançdan doly, milli Liderimiziň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdym ýaňlandy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisi bu ajaýyp aýdyma öz seslerini goşdular. Munuň özi türkmen halkynyň özüniň Arkadagyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Dünýäde iň gymmatly zat bolan ýaşaýşy peşgeş berýän zenan diýen mukaddes düşünjede bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar jemlenendir. Biz olaryň hormatyna Halkara zenanlar gününi giňden belläp geçýäris. Bu baýramçylyk hoşniýetliligiň, söýginiň, nuranalygyň, näzikligiň, gözelligiň hem-de wepadarlygyň ajaýyp nyşany bolup durýar.
Şu gezekki ajaýyp bahar we zenanlar baýramy hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýratyn sazlaşygyna öwrüldi. Onda döredijiligiň we täze durmuşyň şatlygy, asylly başlangyçlaryň alamatlary öz beýanyny tapdy. Bu duýgular bolsa hemişe biziň ynamymyzy, güýjümizi we iň ýagşy umyt-arzuwlarymyzy berkidip geldi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

FaLang translation system by Faboba