07.03.2018. Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde sekiz hem-de ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

Ajaýyp waka bagyşlanan maslahatyň barşynda gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň zenanlara söýgi we aýratyn hormat bilen garandygy bellenildi. Olar maşgalanyň esasy binýady hasaplanyp, gözellik baradaky düşünjeler hem zenanlaryň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda zenanlar dünýäde özleriniň belent ruhy-ahlak häsiýetleri — Watana bolan söýgüsi, zähmetsöýerligi, ruhubelentligi bilen, maşgala abadançylygyny hem-de maşgala ojagyny wepalylyk bilen goraýjylar, el işleriniň ajaýyp ussatlary hökmünde şöhratlanypdyrlar.

Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän üstünlikli syýasatyň netijesinde, ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşy üçin hemme şertler döredildi. Enelere hem-de ululara hormat goýmagyň binýady tutulýan maşgalanyň belent abraýynyň saklanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzir, düýpli özgertmeler döwründe, bu däp öz mynasyp dowamyna eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döretmek işinde türkmen jemgyýetinde mähriban zenanlarymyzyň tutýan orny barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm meseleleri üstünlikli çözmekde olaryň işjeň ornuny yzygiderli nygtaýar. Olar erkekler bilen deň hatarda, Watanymyzyň ägirt uly üstünliklerine öz goşantlaryny goşýarlar, döwlet edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym-bilim ulgamynda, medeniýet we saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýärler. Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň ösdürilmegine örän işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Biziň döwürdeş zenanlarymyza ýokary bilim hem-de hünär derejesi, başlangyçly çemeleşmek we başarjaňlyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ahlak gymmatlyklaryny hem-de milletiň belent maksatlaryny gorap saklamakda we artdyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ösüp gelýän nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde olaryň tutýan orny çäksizdir. Şonuň bilen birlikde, zenanlarymyz, ilkinji nobatda, aladaçyl ene, wepaly ýanýoldaş, mähriban uýa hem-de ygrarly gyzlarymyz, başarjaň hem-de ajaýyp öý bikeleri bolmagynda galýarlar.

Aýal-gyzlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň üpjün edilmegi jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir. Munuň özi jemgyýetiň ajaýyp zenanlarynyň hukuklaryny we mertebesini goramak boýunça döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň ajaýyp subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanda aýal-gyzlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi, ylmy, intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň açylmagy üçin hemme mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzyň ýüzlerçe aýal-gyzlary her ýylda döwlet sylaglaryna — ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar.

Enelik we çagalyk, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak baradaky alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň derejesine ýetirildi. Muňa bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler, eneleriň saglygynyň goralmagyna, çagalaryň kämil ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagy we beýlekiler aýdyň mysal bolup biler.

Şunuň bilen baglylykda, dabaraly çärelere gatnaşyjylar Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz wepaly, bilimli, sagdyn we ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlarymyzyň ornunyň ýokarydygyny bellediler. Türkmenistanda öz perzendine bolan söýgüden we aladadan kalplary doly eneler belent hormata eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň enelerimiziň iki ýüzden gowragyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekmegi hem munuň subutnamasy boldy. Bu hormatly at ýokary tapawutly dereje, eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, Watanymyzyň ösüşine we abadançylygyna goşan uly goşantlarynyň ykrarnamasydyr.

Häzirki döwürde köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli bu maşgalalara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan belent ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän ähli amatlyklary bolan täze giň öýleriň açarlary gowşuryldy.

Dabaralara gatnaşýan zenanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, bagtyýar durmuşy hem-de hemmetaraplaýyn işleri üçin döredilen amatly şertler, ösüp gelýän nesiller, jemgyýetde belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryň saklanylmagy hakyndaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk duýgularyny beýan etdiler. Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň zenanlarynyň içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli başlangyçlara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdylar, bu syýasatyň baş maksady Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň pajarlap ösmegini, her bir maşgalanyň, her bir adamyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk çäreleri guraldy. Ministrliklerde, pudak edaralarynda, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň dürli görnüşine degişli kärhanalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däbe görä, pul sowgatlary aýal-gyzlaryň ählisine, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara gowşuryldy.

Bu çäreler aýal-gyzlara ägirt uly, hakykatdan-da, döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň subutnamasyna, jemgyýetimiziň owadan zenanlaryna belent hormat-sarpanyň beýanyna, olara mukaddeslik, abadançylygy we mizemezligi saklaýjylar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni işjeň döredijiler hökmünde garamagyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).
Surata düşüren Ýuriý Şkurin.

FaLang translation system by Faboba