06.02.2018. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi

Wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurt hünärmenleriniň döwrebap tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllyk bilelikdäki işiň netijesinde oňyn tejribe toplanan “ARETI” kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, dürli ulgamlarda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Bildirilýän ýokary ynam üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşgyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “PRETI” Halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Makarow özara bähbitleri we anyk netijelere gönükdirilen tagallalary nazara almak bilen ýola goýulýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!