Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramynyň bellenilip geçilmegi mynasybetli gutlag iberipdir. Hatyň mazmunyndan belli bolşy ýaly, Amerikada hem köpler täzelenişiň we galkynyşyň baýramy bolan Nowruzy belläp geçipdirler.
“Meniň dostum Jek Niklaus golaýda Aşgabatda bolan saparyndan gaýdyp geldi. Ol Türkmenistanyň gözelligi we türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada maňa kän zat gürrüň berdi. Amerikanyň halky we işewürler Türkmenistan bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň täze ulgamlaryny gözlemeklerini dowam etdirerler” diýlip, Prezident Donald Trampyň hatynda aýdylýar.

Saýt: www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!